Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Tans sungaty saglygyň we bagtyýarlygyň görki
Ýazylan wagty: 31 мая 2018 Ýazan Mayichka
Türkmen tanslary ýa-da endigan milli sport Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe milli sport ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Şonuň birlikde milli folklor we tans sungaty hem örän uly üstünlikler gazandy. Gahryman Arkadagymyz Hormatly Prezidentimiz ýurdymyzy ösüşleriň ak ýolunda ganatlandyrdy. Şularyň miweleri bolsa mese-mälim görnüp dur. Bu miweler göwünlere ganat bekledýär. Şu günki günde medeniýetiň tans we folklor sungaty gülläp ösen bolsa onda bu örän owadan sportdyr we saglykdyr. Sebäbi tansa ýa-da folklora gatnaýan çagalar näçe ýaşlykdan başlasa şonça olar hyjuwly, görmegeý we owadan zähmete okgunly bolýarlar. Şonuň üçin hem çagalara näçe ýaşlykdan sportyň haýsy-da bolsa bir görnüşine söýgi döretmek geljekki uly üstünlikdir hem-de bagtly dowamat üçin uly ädimdir. Muňa bolsa ýurdumyzda näçe diýseň mümkinçilik bar. Çagalar we ýetginjekler amatly wagtlarda sport bölümlerine, tans toparlaryna gatnap bilýärler we öz wagtlaryny peýdaly geçirip saglyklaryny berkidip bilýärler. Tans bilen diýip nygtamagymyzyň esasy, tans sungaty gadymdan bäri halkymyzyň arasynda uly rowaçlyga eýe bolýar. Türkmen halkynyň tans mirasy bilen baglanşykly halk arasyndan toplanan maglumatlar, türkmen tansy boýunça işlän alymlaryň pikirleri, arheologiki tapyndylaryň ýüzündäki tans bilen bagly şekiller, halk döredijilik eserlerinde tans—oýun hakdaky aýdylanlar, taryhy çeşmeler tans sungaty hakyndaky gyzykly söhbete esas berýär. Aslynda tans sungaty ilkidurmuş sungatynyň iň gadymy görnüşidir. Bu tanslar köpçülikleýin we şekillendirme ýagny, bir zada öýkünmek, meňzejek bolmak häsiýetine eýe bolupdyr. Onda adamlaryň aw awlaýşy, balyk tutuşy, hasyl ýygnalyşy, maşgala gatnaşyklary, harby hereketler suratlandyrylypdyr. Söz, saz we şekillendiriş döredijiliginiň birleşmeginde sahna oýnuna öwrülen bu tanslar ilkidurmuş sungatyny düşnükli açyp görkezýär. Taryhdan bilşimiz ýaly, ilkidurmuş adamlary topar bolup awa gitmezden ozal ýörite ruhlaryny berkidip, awlajak haýwanlarynyň şekiliniň daşynda türgenleşik häsiýetinde özboluşly tanslary edipdirler. Olar bu taýýarlygyň özlerine üstünlik getirjekdigine ynanypdyrlar. Bu gadymy ynançlar bolsa, belli bir derejede ilki däp hökmünde, soňra bolsa tans hökmünde ýerine ýetirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen milli tanslaryň iň gadymy görnüşleri bolan «çapak», «çemçe—kaşyk», «küştdepdi» ýaly tanslaryň dessury tans hereketlerinde ilkidurmuş sungatynyň yzlaryny görmek bolýar. Tans sungaty hakdaky gürrüňlerimizde aýratyn meşhurlyk bilen ýerine ýetirilýän iň gadymy tanslardan bolan «çapak - karsaky», «sallanma», «çemçe—kaşyk», «işimme» ýaly tanslaryň döreýşi, ýerine ýetirilişi has-da täsindir. «Çapak» tansy, oňa başgaça «karsaky» hem diýilýär. «Çapak» ýa-da «karsaky» sözi «el çarpmak» sözünden gelip çykan bolmaly. Bu bolsa elleriň aýalarynyň biri—birine bat bilen urulmagyny aňladýar. Tansyň esasy dessury hereketleri hem el çarpmak arkaly ýerine ýetirilýär. Ir döwürlerde erkek kişiler söweşden ýa-da awdan dolanyp gelenlerinde, aýallar olaryň öňlerinden begenişip, el çarpyp çykyp çapak çarpyp tans edipdirler. «Çapak» tansy «karsaky», «çepbe karsaky» ýaly görnüşlerini öz içine alýar. «Karsaky» diýmek hem «çapak» sözi bilen bir manydaş söz bolup, ol diňe tansyň ýerine ýetirilişinde we dep kakuwynda tapawutlanypdyr. Tansyň «çepbe karsaky» görnüşi bolsa, tansyň hereketleriniň çep tarapdan başlanýandygy bilen düşündirilýär. «Böküş» ýa-da «Hekge böküş» —bu tans häzirki güne çenli «çapak» tansynyň bir görnüşi hökmünde ýerine ýetirilip gelinýär. Emma tansyň aňladýan manysy, hereketleri, dep kakuwlaryny göz öňüne tutsak, bu tansa türkmen milli tansynyň gadymy görnüşi diýmek mümkin. Bu tansda alahekek atly guşuň hereketlerine öýkünilýär. Tansyň ady şu guşuň ady bilen baglanyşdyrylýar. Tansy ýerine ýetirijiler aýaklaryny jüp saklap, dört tarapa bökýärler, ellerini ýokary uzadyp çarpýarlar. «Sallanma» tansy hem türkmen tansynyň iň gadymy görnüşi bolup, özboluşly haýal dep kakuwlarynyň astynda diňe gelin—gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Elbetde, bu tansyň daşky tebigatyň täsiri bilen dörän bolmagy mümkin. Sebäbi tansyň dessury hereketlerine üns berseň, guwuň hereketlerini ýadyňa salýar. Iki ellerini aşak sallap, soňra ýokary göterilmegi, bileklere çenli guwuň ak ganatlaryny ýadyňa salýan ak ýeňçeleriň geýilmegi, tansda guşuň ganatlaryna meňzeş hereketleriň köplügi şeýle diýmäge esas berýär. «Jamly oýun» gadymy milli türkmen tansy bolup, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Adyndan belli bolşy ýaly, bu tans elinde kiçijik, ýalpak mis jamlara barmaklara geýlen oýmajyklaryň kakylmagy bilen ýerine ýetirilýär. Bu tans oýmaklaryň sazlaşykly owazynyň, depginli dep kakuwlarynyň astynda oýnalýar. «Çemçeli oýun» tansy hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu tansa başgaça «Kaşykly oýun» hem diýilýär, ýagny ol agaç çemçeleriň guýguçlaryny biri—birine kakyp, çemçe sesleriniň owazynda oýnalýar. Bu tansy oýnamak üçin dört sany agaç çemçe gerek. Her elde iki çemçe saklanylýar Bu oýun hem Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda dürliçe ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, Saýat etrabynyň Awçy obasynda bu tans ýerine ýetirilende, agaç çemçeleriň saplary alajabaglar bilen berkidilýär. Bu bolsa maşgalanyň agzybirligini alamatlandyrypdyr. Şeýle-de tansyň üsti bilen awçynyň hereketlerini, at toýnaklarynyň seslerini suratlandyrýarlar. Welaýatyň Atamyrat etrabynda oýnalýan «çemçeli oýun» dep kakuwy hem dessury hereketleri bilen düýpgöter tapawutlanýar. Bu hereketlerde iki sany söweşijiniň hereketlerini görmek bolýar. Şu günler oýnalýan milli tanslaryň biri-de «işimme» tansydyr. Bu tansyň ady «işmek» diýen sözden gelip çykýan bolmaly. «Işimme» tansynda hem alajabagyň işilýän hereketlerine meňzeş hereketler agdyklyk edýär. Belki-de, bu tans öz gözbaşyny oňonçylykdan alyp gaýdandyr. «Işimme» tansy gelin—gyzlar tarapyndan dep kakuwlarynyň astynda sanawaçlar bilen bilelikde ýerine ýetirilýär. Beýleki milli sungatymyz ýaly, tanslarymyz hem owadan, hem ajaýypdyr. Şonuň üçin hem bu gün tans sungaty saglygyň we bagtyýarlygyň görküni ýaýbaňlandyrýan görkli saglyk sungatydyr.
Okalan sany: 15   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05937 sek. ýüklenen baýt: 34799