Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Tygşytly elektrik energiýa çeşmesi
Ýazylan wagty: 31 мая 2018 Ýazan NEXTTM
Ýurdumyzda elektrik energiýasyny öndürmek üçin tebigy gaz harç edilip, ol gazturbinaly elektrik stansiýalarynda ulanylýar. Elbetde, biziň ýurdumyz üçin ykdysady-tehniki görkezijiler boýunça elektrik energiýasyny öndürmegiň bu usuly amatly hasap edilýär. Ýöne, mälim bolşy ýaly, uglewodorod serişdeleri gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerine degişli däldir, ýagny tebigy gaz ýangyjynyň ähli gorlary tükeniklidir. Mundan başga-da, gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň kömegi bilen elektrik energiýasynyň öndürilmeginde ägirt uly möçberde ýokary temperaturaly tüsse gazy bölünip çykýar. Onuň ýylylyk energiýasyny ulanmak boýunça goşmaça kömekçi energetiki gurnamalarynyň ulanylýandygyna garamazdan, bu ýagdaý ekologiki taýdan örän çylşyrymly – daşky gurşawyň temperaturasynyň ýokarlanmagy, ýeriň çäklendirilen zolaklaryna termiki eroziýanyň täsir etmegi, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüliginiň azalmagy ýaly meseleleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şonuň üçin hem elektrik energiýasyny öndürmegiň ekologiki taýdan howpsuz, ýagny «ýaşyl tehnologiýalara» esaslanýan taslamalaryny işläp taýýarlamak diňe bir ykdysady we energetiki taýdan däl-de, eýsem, ekologiki taýdan hem örän derwaýysdyr.
Biziň bu ylmy işimiziň esasy maksady gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň birnäçe görnüşlerini utgaşykly ýagdaýda ulanyp, raýat we senagat desgalaryna zerur bolan elektrik energiýasyny gerekli möçberlerde yzygiderli öndürmäge ukyply we şol bir wagtyň özünde ekologiki taýdan howpsuz bolan «ýaşyl» elektrik stansiýasynyň taslamasyny işläp düzmek bolup durýar. Mundan başga-da, täze işlenilip düzülen elektrik stansiýasynyň çyzgylary taýýarlanyldy, degişlilikdäki ulanylmagy meýilleşdirilýän goşmaça elektrik enjamlarynyň (generator, inwentor we beýlekiler) häsiýetnamalaryny diňe bir nazary taýdan anyklamak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň parametrleri tejribehananyň çäklerinde Germaniýanyň «Lucas-Nülle» kompaniýasynyň öndüren «Labsoft» programma üpjünçilikli «Uni-train» enjamlarynda tejribe-barlag işlerini geçirmek arkaly has takyk kesgitlenildi. Bu täze işlenilip düzülen «Modifikasion gelio-aerobekediň» taslamasynyň nusgalyk görkezme makedi taýýarlanyldy, şeýle hem, bu täze tehnologiýanyň ilkinji gezek işlenilip düzülendigi sebäpli, onuň ilkinjilik hukuklaryny goramak maksady bilen degişli resminamalar täze oýlap tapyşa çäklendirilen patent almak üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyna tabşyryldy.
Häzirki wagtda senagat taýdan ösen ýurtlarda elektrik energiýasyny öndürmegiň alternatiw usullarynyň gözlegleri üznüksiz alnyp barylýar. Bu babatda uly tehniki ösüşlere, ilki bilen, Germaniýa, ABŞ, Fransiýa, Daniýa, Şwesiýa, Günorta Koreýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlar eýe boldy. Biziň ýurdumyzda hem gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň hasabyna elektrik energiýasyny öndürmekligiň geljegi uly bolan mümkinçilikleri mälimdir. Çünki biziň güneşli Diýarymyzyň islendik ilatly nokadyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde bu işlenilip düzülen tehnologiki taslama özüniň saldamly goşandyny goşar. Häzirki wagta çenli ýurdumyzda elektrik energiýasyny öndürmek üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň birnäçe görnüşini utgaşykly ýagdaýda ulanmaga mümkinçilik berýän täze modifikasion (özgerdilen) gurluşly elektrik stansiýasynyň taslamasy durmuşa giňişleýin derejede ornaşdyrylmady. Onuň esasy sebäbi hem gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini ulanmakda ýüze çykýan käbir kynçylyklar (uly kuwwatly batareýalaryň gymmat bahalylygy we beýlekiler) boldy.
Şunuň ýaly modifikasiýalaşdyrylan gelio-aerobeketler arkaly raýat we senagat desgalarynyň elektrik üpjünçiligini amala aşyrsak, onda ýurdumyzyň ýangyç-energetiki serişdeleriniň ulanylyşy tygşytly häsiýete eýe bolar. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine oňaýly täsir eder.




Şiraly Bahadurow



Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby



Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06599 sek. ýüklenen baýt: 53045