Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
FITNES SAPAKLARYNYŇ HÄSIÝETNAMASY
Ýazylan wagty: 01 июня 2018 Ýazan Mayichka
FITNES SAPAKLARYNYŇ HÄSIÝETNAMASY
Fitnes sözüniň iň bir ýönekeýje manylaryny düşündirmeklik, fitnes maksatnamalarynyň aýratynlyklaryny açyp görkezmeklik, adamlara onuň bilen dogry meşgullanmaklygy öwretmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Täze fitnesiň bedenterbiýeden düýpli tapawudy biziň şahsy oňat beden görnüşimize özümiziň hasap çykarmagymyzyň gerekdigidir. Bu bolsa biziň häzirki zaman durmuşymyz üçin düýbünden kadaly hasaplanylýar. Tutuş ýurt boýunça ýeke-täk ýüze çykýan mesele – o-da fitnes klublaryň geljekki dünýä çempionlaryny taýýarlamaýanlygydyr. Bu – isleg bildirýänleriň ählisi üçin beden taýdan işjeňligi bolup, saglygyň peýdasy üçin, kanagatlanmak, lezzet almak üçin puluňy harç etmeklikdir (L.M.Glahan, 2000). Biziň döwletimiziň ýakyn geljekde bu barada çynlakaý alada edip başlar diýip umyt bildirýäris. Şonda biz ýene-de sportda gazananlarymyzy ýene-de gaýtalarys: bizde hemmeler üçin täjirçilik bahaly ajaýyp fitnes-klublar bolar, şonuň ýaly-da zehinli çagalar we ýetginjekler üçin ähli gerekli bolan hökmany hem-de elýeterli zatlar bolar. Fitnes-industiýa nämäni hödürleýär? Islendik fitnes-klub şu aşakdakylary özüne birleşdirýän toplumlary hödürleýär: aerobika bilen meşgullanmaklygyň çäklendirilmedik sapaklary – bu fitnes-maksatnamalarynyň iň bir meşhur we elýeterli görnüşidir. Eger siz tans edip bilmeýän bolsaňyz we diňe saz boýunça ädimläp ýöräp ýören bolsaňyz, aerobikanyň güýç bilen baglanyşykly sapaklary siziň göwnüňizden turar – bu sapaklar güýç çydamlylygyny ösdürmeklige we bedeniň gurluş taýdan ösüşini kämilleşdirmeklige gönükdirilendir. Klublarda nusgawy aerobikadan başga-da step-aerobika giňden ulanylýar – ol step-platformalaryny peýdalanmak bilen geçirilýän sapaklardyr – onuň esasynda dürli serişdeler bilen platformada ädimlemeklik ýatyr, ol bolsa umumy çydamlylygy ösdürýär we bedeniň ýaglaşmaklyga bolan ymtylyşyny peseldýär. Step-aerobikanyň bir sapagy oňat depginde 20 kilometre ylgamaklyk bilen deňdir.
Okalan sany: 28   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06569 sek. ýüklenen baýt: 29966