Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Tans aerobikasy
Ýazylan wagty: 01 июня 2018 Ýazan Mayichka
Tans aerobikasy – bu diňe bir ajaýyp tans etmekligiň gowy mümkinçiligi bolman, eýsem gowy türgenleşigiň hem ygtybarly serişdesidir. Şeýle-de ýörite enjamlary talap edýän ýöriteleşdirilen aerobika sapaklary-da hereket edýär. Bu – saýkldyr ýa-da ýeňilleşdirilen, gymyldadylman bir ýerde goýlan welosipedlerdäki aerobikadyr – ondaky hereketler hakyky welosiped ýaryşlaryndakylara meňzedilýär; slaýddaky aerobika – bu ýörite çeşkalarda ýapaşak tekizliklerden typmaklykdyr. Şeýle-de pamp – bu ýörite ştangalary ýumşak örtüklerde ulanmaklyk aerobikasydyr (I.I.Kisluhina, 1995). Şonuň ýaly-da dürli ýöriteleşdirilen sapaklary özüne birleşdirýän fitnes-maksatnamalary-da hereket edýär. Oňa şu aşakdakylar degişlidir: karate, aýkido, dzýudo, boks ýaly söweşjeň sungatlar, şeýle hem şu wagtky taý-bo ýaly meşhur sapaklar – onda depginli sazlar dürli tehniki söweşjeň sungatlar bilen utgaşdyrylýar; ýoga sapaklary; saz bilen we sazsyz ýerine ýetirilýän dürli tehniki meditasiýalar. Bu niýa (neýromuskuly güýçlendiriş hereketleri), gürji tanslary we beýleki köpsanly zatlar. Eger fitnes-klub howdan bilen enjamlaşdyrylan bolsa, onda akwa-fitnes hereket edýär. Oňa şular degişlidir: ýüzleý hem çuň suwdaky akwa-aerobika, akwa-jogging (suwdaky sport ýörişi), skuba-daýwing bilen meşgullanmaklyk we başgalar. Olaryň içinde has meşhury akwa-aerobika hasaplanylýar. Sapaklar ýörite enjamlary peýdalanmaklyk bilen geçirilýär – akwa-gursakçalar – ol göwräni çuň suwda dik ýagdaýda saklamaklyga mümkinçilik berýär, akwa-ellikler – gurbakgalaryň penjelerine meňzeş, dürli reňkli akwa-ganteller we akwa-ştangalar, akwa-step we başgalar. Fitnes argynlyk döretmeýär – köp kişiler onuň bilen ertirlerine, işinden öň öz bedenini kadalaşdyrmak üçin meşgullanýarlar. Fitnes – bu adamyň kämilleşmeginde berk ylmy ulgamdyr. Fitnes sapaklaryndan aňryçäk netijelilige ýetmek üçin fitnes türgenleşikleriň ylmy esaslary bilen tanyşmaklyk peýdalydyr. Belli bolşy ýaly, fitnesiň beden taýdan sagdynlygyň esasynda sagdyn durmuş keşbi, atletiki we durmuşy sypatlaryňy ösdürmeklik ýatandyr. Şeýle sypatlar bolsa fitnesiň kesgitlemesini has doly berýän akylly-paýhasly utgaşdyrylmalaryň şu aşakdakylarydyr: umumy aerob çydamlylygy – ortaça kuwwatlylykda işleri uzak wagtlap ýerine ýetirmek başarnygy we ýadawlyga garşy durmak. Bu sypaty ösdürmeklik hereketiň uzak wagtlap ýerine ýetirilmegine we şol bir wagtyň özünde bolsa ýüklenmelerden soň dikelmeklige kepil geçýär. Siziň aerob ulgamyňyz kuwwatlylyk çeşmelerinde uglewodlary kislorodlara öwürmeklik üçin ulanylýar. Uzak wagtlaýyn sapaklarda bu ýagdaýa şeýle-de ýaglar, kem-käsleýin beloklar hem goýulýarlar – bu bolsa aerob türgenleşiklerini ýaglary ýitirmekde has-da netijelilige öwürýär (I.B.Odinsowa, 2002).
Okalan sany: 38   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05877 sek. ýüklenen baýt: 30653