Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Tizlik çydamlylygy
Ýazylan wagty: 01 июня 2018 Ýazan Mayichka
Tizlik çydamlylygy – ýüklenmeleriň aňryçäk tizligi boýunça ýadawlyga garşy durmak başarnygy. Güýç çydamlylygy – güýç häsiýetli ýeterlik uzak wagtly ýüklenmelerde ýadawlyga garşy durmak başarnygydyr. Güýç çydamlylygy maşkyň ýerine ýetirilişiniň dowamlylygynda myşsalaryň gaýtalamaklyk mümkinçiligini, şeýle işjeňligi näçe wagtlap saklap boljakdygyny görkezýär. Güýç çydamlylygy fitnesiň islendik işjeň sapaklarynda wajyp ähmiýete eýedir: agyrlyklary anaerob gaýtalama götermelerinden tä ylgamakdaky aerob işjeňlige çenli. Tizlik-güýç çydamlylygy – güýç häsiýetli maşklary aňryçäk tizlikde uzak wagtlap ýerine ýetirmek başarnygydyr. Çeýelik – adamyň myşsalarynyň elastikliginiň damarlarynyň we bogunlarynyň hasabyna uly amplituda bilen hereketleri ýerine ýetirmek başarnygydyr. Ýokarlandyrylan çeýelik maşklary ýerine ýetirendäki şikesleri almaklygy peseldýär. Tizlik – myşsa ýygrylmagyny aňryçäk çalt gezekleşdirmek we olary gowşatmaklyk başarnygydyr. Dinamiki myşsa güýji – uly agyrlyklar bilen ýa-da öz hususy agramyň bilen aňryçäk çalt (atylyş) güýçlerini ýüze çykarmak başarnygydyr. Şonda kislorod talap etmeýän gysga wagtlyk güýç-kuwwat sarp etmeklik bolup geçýär. Myşsa güýçleriniň ösüşi ýygy-ýygydan myşsalaryň göwrüminiň we dykyzlygynyň ulalmagy bilen yzarlanylýar – oňa başgaça myşsalaryň “gurluşy” diýilýär. Estetiki ähmiýetliliginden başga-da ulalan muskullar şikeslenemelere az duçar bolýar we agramyňa bolan gözegçilige täsir edýär, sebäbi myşsa tikinleri hatda dynç wagtynda-da ýaglara görä ýokumlylygy köp talap edýär. Çalasynlyk – utgaşykly-çylşyrymly hereket işjeňligini ýerine ýetirmek başarnygydyr. Göwräniň gurluşy (düzümi) – bedeniň ýag, süňk we myşsa tikinleriniň gatnaşygydyr. Bu gatnaşyk siziň saglyk ýagdaýyňyzy we ýaşyňyza we agramyňyza baglylykda beden taýýarlygyňyzy görkezýär (I.B.Odinsowa, 2002). Ýag tikinleriniň çykaryjylyk mazmuny ýürek keselleriniň, berhizliligiň ösüşini ýokarlandyrýar, arterial gan basyşyny ýokarlandyrýar we beýlekiler. Fitnes bilen meşgullanmaklyk – bu toplumlaýyn dikeltmeklikdir we sagdynlygyňy saklamaklykdyr: ýokumly iýmitlenmek, bedeni arassalamaklyk we beden ýüklenmeleriniň şahsy maksatnamasydyr. Ýewropa döwletleriniň köpüsinde fitnes şu günki gün ilatyň saglygyny berkitmeklige gönükdirilen ägirt uly maksatnama hasaplanylýar.
Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05869 sek. ýüklenen baýt: 30243