Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
BEDEN MAŞKY
Ýazylan wagty: 01 июня 2018 Ýazan Mayichka
BEDEN MAŞK-adamyň beden taýdan kämilleşmegi üçin döredilen we ulanylýan hereketler B.A. Aşmarin, 1990). Her bir herekete beden maşk diýip bolmaýar. Bedenterbiýäniň maksadyny amala aşyrýan we onuň kanunlaryna tabyn bolýan hereketlere beden maşklar diýmek bolar. Beden maşklaryň zähmet hereketleri esasynda döredilmegi sebäpli, olaryň zähmet bilen arabaglanşygy kändir. Bu umumylyk olaryň biomehaniki, fiziologiki we biohimiki mehanizimleriniň meňzeşliginde beýan edilýär. Emma, bular bedenterbiýäniň we zähmetiň meňzeş hasaplanylmagy üçin esas däldir. Olaryň aratapawudy şulardyr: -Beden maşklar pedagogiki meseleler bilen çözülýärler (beden maşk hut özüňe, şahsy beden kämilleşmegiňe gönükdirilendir), zähmet hereketleri bilen bolsa önümçilik meseleler çözülýärler (zähmetiň önümçiligini kämilleşdirmek). -Beden maşklar bedenterbiýäniň kanunlaryna laýyklykda, Zähmet hereketler bolsa- önümçilik kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýarlar. -Beden maşklaryň ulgamy adamyň beden häsiýetlerini, içgi agzalary we ulgamlary kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Zähmet hereketleri bolsa önümçilige bolan ýöriteleşdirilen bar we ählitaraplaýyn täsiri ýokdyr. Ýokaryda görkezilen bedenterbiýe serişdeleriniň sanawynda giňden peýdalanylýan we ýöriteleşdirilen serişde- beden maşkdyr. Bu hem şu sebäpler bilen esaslanýar: -Olar adamyň hereket ediş işlerine bolan islegini doly kanagatlandyrýar; -Diňe morfofunksional ýagdaýda däl-de, eýsem şahsyýetiň özüne hem täsir edýär; -Hereketleriň ulgamy hökmünde adamyň pikirlerini we duýgularyny, onuň daşky hakykata bolan gatnaşygyny häsiýetlendirýär; -Bu hem bedenterbiýe pudagynda onuň ylmy we amaly üstünliklerinde jemgyýetçilik-taryhy tejribesini geçirmek usuldyr. Aýratyn alnan beden maşk ýerine ýetirilende pedagogiki maksada we kämilleşme netijesini gazanmak mümkindir. Herekete kämilleşdirmek we beden häsiýetleri ösdürmek üçin beden maşklary ençeme gezek gaýtalamak gerekdir. Beden maşklar ýerine ýetirilende, ýerine ýetirijiniň bedeninde fiziologiki, psihiki we biohimiki hem-de hereket ediji ulgamda we wegatatiw gurşawda degişli üýtgeşmelere getirýän beýleki prosesler amala aşyrylýar. Beden maşklaryň ýerine ýetirilmegi adamyň bedenine oňaýly hem-de bedenterbiýäniň kanunlaryny berjaý edilmedik ýagdaýynda zeper hem ýetirip bilýärler. Tokaýda, howdanyň golaýynda , dagly ýerinde ýerine ýetirilende beden maşklaryň oňaýly täsirini güýçlendirýän degişli faktorlar. Bu şertleriň täsiri beden maşklaryň netijesiniň üstüni doldurýarlar, güýçlendirýärler ýa-da gowşadýarlar.
Okalan sany: 49   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06843 sek. ýüklenen baýt: 30883