Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Galla—halkyň rysgaly
Ýazylan wagty: 01 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Türkmenistan dünýä ekerançylygynyň ýüze çykan ýerleriniň, ýabany ősümlikleri medenileşdirmegi başaran merkezleriň biri hasaplanýar. Biziň topragymyzda ekilýän ähli ir-iýmişler datlylygy, hümmetliligi, tagamlylygy boýunça beýleki ýerleriň nygmatlaryndan tapawutlanýar. Ata-babalarymyz bu mukaddes toprakda dürli gőrnüşli ekinleri ekip, ýokary hasyl almagy başarypdyrlar. Ekinlerden bol hasyly ősdürip ýetişdirmek üçin olaryň hojalyk ähmiýetini, taryhyny, ýaýraýşyny, ýaşaýyş we syna aýratynlyklaryny, sortlaryny, ősdürilip ýetişdirilişini bilmek häzirki dőwürde-de gyzykly hem-de  mőhümdir. 
Eziz Watanymyzda esasy őňe sürülýän oba hojalyk ekinleriniň biri-de güýzlük bugdaýdyr. Güýzlük bugdaýdan ýokary hasyl almak üçin onuň ähli ősüş dőwürlerinde agrotehniki çäreleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, ekine hyzmat etmek gerek. Edermen gallaçy kärendeçiler “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň hasyly üçin geçen güýzde ene ýere yhlas bilen tohum sepdiler, göwnejaý gögeriş aldylar. Güýzlük bugdaýyň ösüş döwri gőgeriş, çogdamlanma,  tüýdükleme, başlama, gülleme we bişiş  döwürlerini őz içine alýar. Daýhanlaryň we oba hojalygynda zähmet çekýän hünärmenleriň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde ähli ösüş döwründe bugdaýa talabalaýyk  ideg edildi. Çekilen yhlasly zähmetiň netijesinde bugdaýyň bereketli hasyly kemala getirildi. Bugdaýly meýdanlar, galla kabul edýän kärhanalar orak möwsümine doly taýýar edildi. Bu möwsüme gatnaşjak daýhanlar, mehanizatorlar, sürüjiler, galla kabul edijiler bilen okuw maslahatlary geçirildi.
Bugdaý oragyna gatnaşdyryljak tehnikalar Oba hojalygyna tehniki taýdan hyzmat edýän kärhanalaryň işgärleri tarapyndan gözden geçirildi, abatlanyldy,  hatara goýuldy. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen 2018-nji ýylyň galla hasylyny bugdaý orulýan meýdanlardan harman jaýlaryna, elewatorlara ýitgisiz hem-de bökdençsiz daşap bermek barada şertnama baglaşdy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ruhubelent halky azyk bolçulygynyň mukaddes binýady bolan galla hasylyny guramaçylykly ýygnap başlamaga uly ruhubelentlik bilen garaşýar.

Okalan sany: 47   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06567 sek. ýüklenen baýt: 30671