Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Bloglaryň meşhurlyga eýe bolmagy
Ýazylan wagty: 02 июня 2018 Ýazan Mayichka
Mazmunyndaky maglumatlaryň görnüşine baglylykda tekst bloglary, fotobloglar, wideobloglar, artbloglar (bloguň awtorynyň çeken suratlary berilýär), saz bloglary, blogkastingler (maglumatlar ses ýazgylary görnüşinde berilýär) tapawutlandyrylýar. Käbir bloglarda beýleki bloglardan alnan sitatalar berilýär, käbirleri bolsa, başga bloglaryň maglumatlarynyň gysga mazmunyny we olara salgylanmalary berýärler. Tamblelog (tambllog, tlog) döredilende, oňa diňe belli bir görnüşdäki (formatdaky) maglumatlar ýerleşdirilýär. Bloglaryň tehniki taraplary, bezegleri, göwrümi köplenç ony döredýäne we interneti elýeterli edýän prowaýdere bagly bolýar. ABŞ-da bloglar habar beriş serişdelesi hasaplanylýar hem-de blogerler öz bloglarynyň berlişine jogapkärçilik çekýärler. 2009-njy ýylyň ýanwarynda Russiýa Federasiýasynda ilkinji şahsy bloga ygtyýarnama berlip, habar beriş serişdesi hökmünde ykrar edildi (awtory Sergeý Muhamedow) . Birnäçe döwletlerde bu ugurda netijeli işler amala aşyryldy. Blogerleriň işini guramak, olardan degişli düzgün-kadalary talap etmek we bidüzgünçiliklere çäre görmek bilen bagly kanunçylyk namalary hem taýýarlanyldy. Bloglaryň meşhurlyga eýe bolmagy bilen olaryň arasynda dürli derejeler boýunça bäsleşikler hem geçirilýär. “Deutsche Welle” nemes kompaniýasy 2004-nji ýyldan bäri iň gowy bloglaryň “The BOBs” (The Best of the Blogs) bäsleşigini geçirýär. “The BOBs” bäsleşigi iňlis, arap, ispan, hytaý, nemes, portugal, bengal, pars, indoneziýa, fransuz, rus dillerinde ýazylan bloglaryň arasynda geçirilýär. Häzirki wagtda bar bolan on millionlarça bloglaryň ählisi özara berk baglanyşykda bolýarlar we blogosferany emele getirýärler. Bologerler birek-biregiň bloguny okaýarlar, olara syn berýärler, pikirine salgylanýarlar. Blogosfera adalgasy “blogosphere” diýen iňlis sözünden bolup, ähli bloglaryň bitewiligini, toparyny aňladýar. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ikinji ýarymynda bloglar giň gerime eýe bolup başlaýar. Bloglar we blogerler barha köpelýärler. 2004-nji we 2008-nji ýyllar aralygynda olar 33 esse köpeldiler. 2008-nji ýylda olaryň sany 133 milliona ýetipdi.
Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06519 sek. ýüklenen baýt: 30313