Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Žanrlar we maglumatlary bermegiň görnüşleri
Ýazylan wagty: 02 июня 2018 Ýazan Mayichka
Žanrlar we maglumatlary bermegiň görnüşleri: Resmi maglumat – wakanyň anyk ýazgylaryny özünde jemleýär. Maslahatlar – köplenç okyjylaryň hatlaryna jogap görnüşinde maslahatlar, teklipler berilýär. Wakalaryň senenamasy – taryhda belli bir günde bolup geçen wakalar, meşhur adamlaryň doglan günleri barada maglumatlar berilýär. Seljerme – belli bir waka barada maglumat, žurnalistiň öwrenen meseleleri barada pikirleri, netijeleri. Belli seneler – möhüm ähmiýetli seneler, ýubileýler barada. Arhiw maglumaty – öň ýaýradylan, mälim bolan maglumaty arhiwden alyp bermek. Häzirki waka – bolup duran wakalar barada maglumatlardan ybarat. Deslapky syn – indi bolmaly waka barada maglumatlary berýär. Bildirişler – boljak wakalaryň sanawyny we olar barada maglumatlary özünde jemleýär we okyjylaryň işlerini meýilleşdirmegine ýardam edýär. Eksklýuziw – gullugyň tapan seýrek duşýan maglumatlary barada bellik. Syn görnüşli makala – belli bir soragy, meseläni gurşap alýan pikir-garaýyşlar. Meýilleşdirilýän wakalar - yzygiderli geçirilýän, garaşylýan wakalar barada maglumatlary jemleýär. Çaklamalar – bolýan ýa-da boljak wakalaryň netijeleri baradaky çaklamalary berýär. Reportaž – wakanyň bolýan ýerinden taýýarlanylýar. Taryhy maglumat – aktual wakalar barada däl-de, öňki bolanlar barada maglumat berýär. Interwýu – möhüm ähmiýetli taraplar bilen söhbetdeşlik. Nekrolog – kimdir biriniň ömri we ýeten derejeleri barada gürrüň berýär. Ol degişli adam aradan çykandan soň berilýär. Garaýyş – awtoryň pikirleri barada redaksiýanyň garaýyşlary berilýär. Sorag-jogaplar – soraglar we olaryň jogaplary dürli görnüşde berilýär. Pres-reliz – redaksiýa ýollanan resmi maglumatlar. Pres daýjest – başga neşirlerden alnyp, biraz üýtgedilip berilýär. Biografik oçerk – waka gatnaşýan haýsydyr bir adamyň ömrüniň, zähmet ýolunyň beýany. Meýilnama – redaksiýanyň ýakyn wagtda neşir etjek maglumatlarynyň sanawy. Onda wakanyň boljak wagty, beýan ediljek senesi hem görkezilýär. Sitata – üýtgewsiz alnan sitatalar berilýär. Ses ýazgysy –işlenen ýa-da işlenmedik görnüşde ses ýazgylary. Netijeler we statistika – tekst hem-de san görnüşindäki maglumatlar jedwellerde ýerleşdirilýär. Retrospektiw – belli bir döwürde bolup geçen wakalara degişli maglumatlar. Ahwal – wakanyň nähili geçendigini beýan edýär. Goşmaça maglumat – şöhlelendirilýän waka degişli maglumatlaryň üstüni ýetirýär. Ýörite reportaž – haýsydyr bir wakany howlukman, düýpli öwrenmek esasynda taýýarlanylýar. Täleýnama – astrologik çaklamalar. Hasabat – biri-biri bilen bagly bolmadyk täzelikleriň birnäçesi barada habar berýär. Gysga mazmun – täzeligiň gysgaça beýany. Ýönekeý tekst – diňe tekst görnüşindäki çykyşlar. Translýasiýa – gaýtadan işlenilmezden göni berilýän çykyşlar, sözme-söz maslahatlar. Täzelikler – iň täze maglumatlar habar berilýär. Jemleýji syn – täzeliklere umumy syn berilýär. Aralyk hasabat –belli bir döwrüň dowamynda wakanyň ösüşi barada habar berýär.
Okalan sany: 60   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05853 sek. ýüklenen baýt: 31439