Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SAGDYN NESIL ÝAGTY GELJEGIŇ KEPILIDIR
Ýazylan wagty: 02 июня 2018 Ýazan Mayichka
SAGDYN NESIL ÝAGTY GELJEGIŇ KEPILIDIR. Mekdebe çenli çagalar çäkli hereket mümkünçiliklerine eýe bolup olaryň bedeni çydamsyz ejiz bolýar. Olaryň nerw ulgamy çalt ösýär, skeleti ösüp, myşsalary berkeýär we hereketleri kämilleşýär. 6 ýaşynda çaganyň ýöreýşi has sazlaşykly bolup gerekmejek hereketler aýrylýar we ädimleriniň uzynlygy artýar. Olaryň boýy ýylda 7-10 sm aralygynda ösýär. Çagalar uly adamlara garanyňda ýüzleý we çalt dem alýar. 3-4 ýaşly çagalar 30 gezek, 5-6 ýaşly çagalar 25 gezek, uly adamlar bolsa 16-18 gezek minutda dem alýarlar. Çuňlaşdyrylmadyk dem alyş hadysasy öýkende howanyň saklanylmagyna we howa çalşygynyň pes derejede bolmagyna getirýär. Muňa garamazdan ösüp barýan bedeniň dokumalry ýokary derejede kislorodyň üpjün edilmegini talap edýär. Şonuň üçin hem gaz çalşyk hadysasyny ýokarlandyrmak maksat bilen bedenterbiýe sapaklaryny açyk howada geçirmek örän wajypdyr. Biziň alyp baran ylmy barlagymyzyň esasy maksady beden maşklar, hereketli we milli oýunlar bilen ýylyň dowamynda yzygiderli açyk howada alnyp barylýan bedenterbiýe sapaklarynyň maksadalaýykdygyny hem-de bu hereketleriň 5-6 ýaşly mekdebe çenli çagalaryň fiziki, psihiki, funksional mümkünçilikleriniň ösüşine, bilim we terbiýeçilik hadysasyna, dürli kesellere bolan bedeniniň garşylygyny ýokarlandyrmakda berýän peýdaly täsirlerini anyklamakdan, bu topardaky çagalar bilen ýylyň dowamynda yzygiderli açyk howada geçirilýän bedenterbiýe sapaklarynyň usulyýet gollanmasyny işläp düzmekden ybaratdyr. Öňde goýulan meseleleri çözmek üçin ýylyň dowamynda birnäçe barlag usullary ulanyldy. Fiziki taýýarlyga niýetlenen merkezi synaglar: çagalaryň çeýeligini ölçemek, uzynlygyna bökmek, wagta seretmezden polietilen pökgüni 10 gezek aýlawly nyşana dürs zyňmak, 3 min. çydamlylyga ylgamak we ýöremek, 30 m. tizlik bilen ylgamak; bedeniň funksional mümkünçiliklerini anyklamak üçin öýkeniň ýaşaýyş göwrümi, çagalaryň bedeniniň ösüşini kesgitlemek üçin bolsa olaryň agramy we boýy ölcenildi. Ähli barlag testleri meňzeş şertlerde, ýagny çagalar umumyösdürüji we ýörüteleşdirlen maşklar bilen endamlaryny gyzdyranlaryndan soň geçirildi. Ýylyň ahyrynda geçirilen barlaglarda barlag toparyndaky çagalar gözegçilik toparyndaky çagalardan ortaça boýlary boýunça 6,29 sm. (2,71%), agramy boýunça 1,83 kg. (4,5%), çeýeliginiň ösüşi boýunça 4,5 sm. (24 ,72%), uzynlygyna bökmek boýunça 10,44 sm. (5%), wagta seretmezden polietilen pökgini nyşana dürs düşürmekde 3,94 gezek (20,6%), tizlik bilen 30 m. wagta ylgamakda 0,78 sek. (5,2%), 3 min çydamlylyga ýöremek we ylgamakda 56,26 m. (13,65%) we öýkeniň ýaşaýyş göwrüminiň ösüşi boýunça 89,47 ml. (5%) öňe gidilşikli ösüşler bilen tapawutlandylar. Ünsi we ýady kesgitlemek üçin geçirilen barlagda 1-2 sek. dowamynda görkezilen 10 sany suratyň 5-6 sanysyny, yzgiderli okalyp berlen 10 sany sözüň (stol, stul, depder, sagat, at, alma, it, aýna, galam, ruçka we ş.m.) 4-5 sanysyny çagalar ýatda saklap aýdyp bildiler. Umuman alanymyzda ähli görkezijiler boýunça ösüşleriň aratapawudy 10,17%-e barabar boldy. Ylmy barlag döwründe barlag toparyndaky çagalar sapaklary köp göýbermediler hem-de seýrek syrkawladylar. 2010-njy ýylda gözegçilik toparynda 11 sany dümew, 10 sany basyk (angina), 17 sany ýiti respirator keselleri bilen syrkawlan çagalar, barlag toparynda bolsa 2 sany dümew, 4 sany basyk (angina), 19 sany ýiti respirator keselleri bilen syrkawlan çagalar çagalar bagynyň şepagat uýasy tarapyndan hasaba alnypdy. Topardaky çagalaryň umumy sany bilen keselçilikler deňeşdirilende bu görkezijiler gözegçilik toparynda 39,2%-e, barlag toparynda bolsa 26%-e barabardyr. 2011-nji ýylyň ahyrynda hasaba alnan keselçilikler boýunça ýylyň dowamynda gözegçilik toparynda 8 sany dümew, 6 sany basyk (angina), 18 sany ýiti respirator keselleri bilen syrkawlan, barlag toparynda bolsa 4 sany dümew, 2 sany basyk (angina), 6 sany ýiti respirator keselleri bilen syrkawlan çagalar duş geldi. Topardaky çagalaryň umumy sany bilen keselçilikler deňeşdirilende bu görkezijiler gözegçilik toparynda 33%-e, barlag toparynda bolsa 12,5%-e barabar boldy. 2010-njy we 2011-nji ýylda alnan maglumatlar boýunça toparlaryň öz içindäki keselçilikler deňeşdirilende gözegçilik toparynda 6,2%-e, barlag toparynda bolsa 14%-e çenli keselçiligiň ýüze çykmasy kemeldi. Barlag toparlardaky çagalaryň seýrek syrkawlaýandygy yzygiderli açyk howada geçirilen bedenterbiýe sapaklarynyň netijesinde çagalaryň bedeniniň berkäp, taplanyp dürli kesellere bolan bedeniň garşylygynyň artýandygy bilen düşündirmek mümkün. Ylmy barlag wagtynda mekdebe çenli çagalaryň gözegçilik toparyndaky çagalara seredenimizde barlag toparyndaky oglanlaryň, gyzlaryň oňat ýetişikleri hem-de ýokary akyl we fiziki işjeňliginiň görkezijileriniň bardygy anyklanyldy. Barlag toparyndaky çagalaryň ýokary guramaçylygy, ünsüniň ýokary hem-de oňat ruhubelent, şähdi açyk ýagdaýda diňe açyk howada geçirilýän bedenterbiýe sapaklaryndan soň bolýandygy çagalar bagynyň terbiýeçileri we şepagat uýasy tarapyndan hasaba alyndy.
Okalan sany: 41   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05705 sek. ýüklenen baýt: 33147