Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
ÇAGA BILEN BAGLY YRYMLAR
Ýazylan wagty: 02 июня 2018 Ýazan Mayichka
ÇAGA BILEN BAGLY YRYMLAR.
Çaga doglanda arassalyk üçin kümüş atylan suwa düşürilýär.
Çileli çaga öýdekä, öýe ýumurtga, et getirmeli däl, eger getirilse, çagany öýden çykaryp, eti, ýumurtgany goýuljak ýerine, meselem, sowadyja salyp, soňra çagaly aýal öýe girmeli.
Çaga ýumruklary düwülgije dogulýar. Şonda onuň ýumrujagyny açyp, kümüş teňňe salyp, üç gezek eljagazyny sypalap: «Tutup bilen rysgalyňy tut, balam! Rysgallyja bol, balam!» diýip, eljagazyny açýarlar.
Çaganyň häsiýeti göbegenesine meňzär. Çaga: “Öz eneme meňzemesem hem, ýerden göterene meňzärin” diýermiş. Azan aýdylanda, çaganyň gulaklary açylarmyş.
Täze doglan çagany çileden çykarýança, aýry ýerde ýatyrmaly, çagany jaýa kän adam girmese gowy görülýär. Ilkinji doglan çaganyň özüne niýetlenip sallançak alynýar.
Soňäky doglan çagalar ilkinji ilkinji çaganyň sallançagyna salynýar. Şol sallançak hemj çagalaryň ählisini ulalatsa gowy görülýär.
Ata-babalardan galan sallançagy hiç kime başy bi8tin bermek bolmaýar.
Çagany sallançaga ilkinji gezek mamasy ýa-da enesi salyp, üwräp başlamaly, soňra çagalara süýji paýlap agyzlaryny süýjütseň, süýji dilli bolarmyş.
Sallançagy boş üwremeli däl. “Şeýtany üwrärmiş, çaganyň gulagy agyrarmyş” diýilýär.
“Yzy köpelip gitsin” diýen niýet bilen yrym edilip, ýaş çaganyň köýneginiň etegi, tä yzyndan çaga bolýança basdyrylmaýar.
Ýaş çaganyň üstüne gerinmli däl, kesellemegi ahmalmyş.
Ýaş çaga bosaganyň üstünde oýnasa, kesellegiç bolarmyş. Çaganyň dyrnagyny ilkinji gezek aýyrmaly bolanda, ilki oňa kendirigi dyrnaçakladyp, soňra aýrylsa, ulalanda çaga rysgally bolarmyş.
Ýaş çaganyň ýeňsesinden ogşasaň, öýkelek bolýar. Çaganyň ilkinji çile saçyny daýysy aýyrmaly, ýogsam çaganyň bagtsyz bolaýmagy ähtimal. Ýaş çaga altyn-kümüş şaý daksaň, kesellemezek bolar. Çaganyň başyna geýýän başgabyny oýnatmaly däl, ulalanda kelleagyryly bolaýmagy ahmal. Ýaş çaga malyň dilini, diliniň ujuny iýdirseň, tiz dil açar, ulalanda dilewar bolar. Ýaş çaganyň eline aýna berseň, dili agyr bolarmyş. Bäbegi iki eliňi-de aşagyndan alyp götermeli däl, ýagşylyga ýorulmaýar. Ýaş çaga köwüş oýnasa, ogu jigisi bolar. Ýaş çaga eline sübse alyp içerini syran bolup ýörse, myhman geler. Çaganyň aýagyna sübse bilen urmaly däl, boýy ösmezmiş.
Okalan sany: 31   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06429 sek. ýüklenen baýt: 30624