Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşar
Ýazylan wagty: 02 июня 2018 Ýazan NEXTTM
31-nji maýda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
GDA agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň mejlisiniň gün tertibine Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň wajyp meseleleri giriziler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan milli Liderimiziň geçen ýylyň oktýabr aýynda Soçi şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitinde beýan eden hem-de Arkalaşyga agza döwletleriň energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda iri möçberli düzümleýin taslamalara gatnaşmagyna gönükdirilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlener.
Şeýle hem beýleki birnäçe teklipleri, şol sanda GDA agza ýurtlar tarapyndan Hazarda düzümleýin mümkinçiliklerden, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň, senagat, tehnologiýalar, oba hojalygy ulgamlarynda, işewürlik we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak boýunça teklipleri öňe sürmek göz öňünde tutulýar.
Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyga daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygyny aýdyp, Arkalaşygyň döwletleri bilen gatnaşyklaryny hoşmeýilli erk-islegiň, taryhyň dowamynda emele gelen dostlugyň, bähbitlere özara hormat goýmagyň, deňhukukly açyk gatnaşyklaryň we uzak möhletli hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri esasynda guraýandygyny belledi.
Bitarap Türkmenistan GDA-nyň giňişliginde uly mümkinçiliklere eýe bolan özara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýeleýär we köp ugurlar boýunça onuň üstünlikli ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyz, ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak babatda Arkalaşygyň döwletleri bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydyr.
Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň wekiliýetine GDA agza ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Duşenbede geçiriljek mejlisine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Çeşme: turkmenportal.com
Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05256 sek. ýüklenen baýt: 31303