Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
GÖREŞ SPORTUNYŇ TÄRLERINIŇ TOPARLARA BÖLÜNIŞINIŇ SELJERMESI
Ýazylan wagty: 03 июня 2018 Ýazan Mayichka
GÖREŞ SPORTUNYŇ TÄRLERINIŇ TOPARLARA BÖLÜNIŞINIŇ SELJERMESI Göreş – tutmaklyga bölünýär, olar dik duranda we tutmaklykda, ýerde ýatanda ýerine ýetirilýär. Dik durandaky göreş aýagyndan alyp zyňmak, aýagyny tutup zyňmak we arkaňa alyp zyňmak ýaly görnüşde bolýar. Aňly zyňylmalar (taşlamalar) ähmiýeti boýunça tärlere bölünýärler. Ol ýykylmak bilen baglanyşykly, ýykylmak bilen bagly däl, garşydaşyň ýykylmagy, garşydaşyň bilen bile ýykylmak ýaly tärlere bölünýär. Ýykylmak bilen baglanyşyksyz zyňylmanyň ýerine ýetirilmegi dzýudonyň ýokary tehnikasy hasaplanylýar. Göreş sportunyň belli bir toparlara bölünme, belli bir usul boýunça işlenilen adalgasy ähli ylmy, usuly, sportdaky pedagogiki işlerde hünärmenler üçin uly ähmiýete eýedir. Eminler we tälim beriji türgenleşdirijiler göreşde bolýan ähli hereketler düşünmelidirler. Onuň esasy ähmiýetleriniň biri-de tehnikanyň we taktikanyň tärlerini toparlara bölmek usulydyr. Materialy seljermek, onuň adalgalar bilen gatnaşygyny ösdürmek olaryň toparlara bölünmesiniň we ulgamlaşdyrylmasynyň hiline baglydyr. Toparlara bölüjiler tärleri we goralma emellerini döredip bilmeýärler. Olar göreşde diňe sport meselelerini çözmekligiň tehniki mümkinçiliklerini üpjün edijiler bolup hyzmat edýärler. Şonuň üçin olaryň arasyndaky tapawut uludyr. Eger berlen tär kitapda ýazylmadyk bolsa, onda hünärmenler bu göreş boýunça onuň toparlar bölünişinde ýerleşýän ýerini we onuň doly adyny kynçylyksyz aýdyp bilmelidirler. Mundan başga-da adalgalaryň ýene-de bir ähmiýeti – onuň berlen ugur boýunça hünärmenleriň arasynda aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýänligidir. Haçanda hünärmen alymlar we tälim beriji türgenleşdirijiler toparlara bölünmäniň we ulgamlaşdyrmanyň esaslaryny doly bilen halatynda göreş sportunyň nazaryýeti we tejribesi halypa hünärmenleriň eden işleriniň netijesinde baýlaşýar. Bu işde-de göreş sportunyň tehnikasynyň adalgasy hökmany zerurdyr. Islendik göreşiň adalgalary her bir hünärmeniň ony içgin özleşdirmegine, öwrenmegine, bu ugurdan bilimlerini ösdürmegine uly ýardam berýär. Göreş sporty fiziki-beden maşklarynyň bir görnüşi hasaplanandan soň, onuň ýörite adalgasy ýüze çykypdyr. Şol adalgalar göreşiň barha ösmegi, giňemegi we ýaýramagy sebäpli ýyl-ýyldan baýlaşypdyr, täze sözler, täze düzümler bilen olaryň üsti yzygiderli ýetirilip durlupdyr. Olaryň emele gelmeginiň ýörite bir kabul edilen düzgüni bolman, olar halkyň arasynda döräp, halk üçin hem örän oňaýly bolupdyr. Adalga aslyýetinde bu söz ýa-da söz düzümi bolup, olar berk hem ygtybarly ylmy düşünjeleri aňladypdyrlar. Göreş sportundaky adalgalar olaryň pedagogiki, ylmy we sport işlerinde ulanylyşyny içgin öwredýär. Toparlara bölmeklik, ulgamlaşdyrma we adalgalar düşünjesi biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Ilkinji döredilen düşünjeleriň aýdyňlaşdyrylmagy adalgalaryň we toparlara bölmekligiň esaslary bolup hyzmat edýär. Her bir täriň doly ady üç bölekden ybarat bolmaly: 1. Ýerde haýsy hereketleriň ýerine ýetirilýändigi aýdyňlaşdyrylmaly. 2. Hereket nähili ýerine ýetirilmeli, ol haýsy täre degişli we ol hüjüm edýän göreşijiniň esasy hereketlerini aňlatmaly. 3. Haýsy usullarda tutmaklyk ulanylyp, tär-tilsim ýerine ýetirilipdir we şonda täriň haýsy görnüşi ulanylypdyr? Meselem, tärleriň atlarynyň tertibini görkezmek we olaryň göreşiň ähli görnüşlerine bolan gatnaşygy: Ýerde nämeler bolup geçdi? Zyňmaklyk. Ol nähili ýerine ýetirildi? Nähili usullar we serişdeler bilen ýerine ýetirildi? Eliň bilen tutmak, bilinden tutmak we ş.m. Täreleriň esasy atlarynyň esasy düzgünleri: 1. Toparyny we bölümini aňladýan iki sözden soň tutmaklygyň manysy, elleriň we aýaklaryň hereketleri barada ýazylýar. Iň soňunda bolsa şol tärde ulanylýan we ulanyp bolmaýan serişdeler we usullar görkezilýär. 2. “I” baglaýjysy berlen tär bir wagtda ikitaraplaýyn tutmak ýerine ýetirilende ulanylýar. Esasy tutmaklyk birinji ýazylýar. 3. “S” baglaýjysy tutmaklygy aňladýan sözüň öňünden ulanylýar. Ol galapyn haçan-da hüjüm edýän göreşijiniň bedeniniň käbir böleklerini bir gezek tutmaklykda ulanylýar. 4. Eger-de täriň adynda aýaklaryň hereketleri görkezilen bolsa, onda soňky goşulan zatlar otur bilen aýrybaşgalandyrylýar. 5. Tutmaklygy aňladýan adalgalary göreşijiler “birgörnüşli” we “köpgörnüşli” diýip atlandyrýarlar. Eger göreşiji sag eli bilen garşydaşynyň sag elini tutsa, onda oňa “eliň birgörnüşli tutulmagy” diýilýär.
Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04990 sek. ýüklenen baýt: 32981