Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Aşgabatda welosipedçiler kluby
Ýazylan wagty: 03 июня 2018 Ýazan Mayichka
Sportuň ähli görnüşiniň hem ynsan saglygyna edýän oňyn täsiri bimöçberdir. Lukmanlaryň geçiren tejribelerine baglylykda, welosiped süren wagtynda adamda beden süňkleriniň 206-sy, myşsalarynyň bolsa 600-e golaýy işjeň herekete gelýär we özara sazlaşygyň saglyk üçin iň peýdaly ýagdaýy döreýär. Welosiped ýaryşlary dünýäde ilkinji gezek 1869-njy ýylda Fransiýada Ruan we Pariž aralygynda, 1883-nji ýylda bolsa Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilýär. Welosiped sportunda türgenler şosse we kros ýaryşlarynda ýörite ýasalan ýaryş hem-de ýol welosipedlerinde, trek ýaryşlarynda bolsa diňe ýaryş welosipedlerinde bäsleşýärler. Şosse ýaryşlary bir ýa-da birnäçe günlük bolýar. Bu görnüşde türgenler şahsy ýa-da toparlaýyn birinjilik ugrunda ýaryşýarlar. Kros bolsa beýikli-pesli ýerlerde dürli aralyklarda geçirilýär. Trekde sprinterler 1 kilometre ýa-da 2-3 aýlawa ýaryşyp bilerler. Tandem welosipedlerinde (iki bolup sürülýän) türgenler iki kilometre ýaryşýarlar. Erkek adamlar üçin 500 metr aralykda welosipedi duran ýeriňden öňe gidip, çalt sürmek, 200 metr, 500 metr aralyklarda bolsa welosipedi badyna çalt sürmek boýunça ýaryşlar geçirilýär. Aýal-gyzlar bolsa welosipedi badyna sürmek boýunça 200 metr aralyga güýç synanyşýarlar. 1948-nji ýyldan bäri türgenler üçin her ýyl köp günlük Parahatçylyk welosiped ýaryşy, ýörite taýýarlykly türgenler üçin 1903-nji ýyldan bäri “Tur de Frans” bäsleşigi geçirilýär. Olimpiýa oýunlarynda welosiped sporty boýunça şosse we trek ýaryşlary guralýar. 1900-njy ýylda welosipedçileriň halkara soýuzy (UCI) esaslandyrylýar. Oňa ýüzden köp ýurduň milli federasiýalary girýär. Welosipedçileriň halkara soýuzynda ýörite taýýarlykly türgenleriň we welosipedçileriň komiteti bar. Welosiped sporty Germaniýa, Polşa, Fransiýa, Italiýa, Beýik Britaniýa ýaly ýurtlarda ösendir. XIX asyryň aýaklary Türkmenistana welosipediň aralaşan döwri hasaplanylýar. 1898-nji ýylda Aşgabatda welosipedçiler kluby döredilýär.
Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05690 sek. ýüklenen baýt: 30186