Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
WELOSIPED SPORTUNYŇ GÖRNÜŞLERI HEM-DE TÜRGENLEŞIK WE ÝARYŞ HEREKETLERINIŇ AÝRATYNLYKLARY
Ýazylan wagty: 03 июня 2018 Ýazan Mayichka
WELOSIPED SPORTUNYŇ GÖRNÜŞLERI HEM-DE TÜRGENLEŞIK WE ÝARYŞ HEREKETLERINIŇ AÝRATYNLYKLARY Welosiped sporty welosiped krosy boýunça trekde, şossede, daglyk ýerlerde (mauntenbaýk) sport ýaryşlaryny, şeýle-de trialsin, zaldaky welosiped sporty, welosipedli syýahatçylyk ýaly görnüşleri özüne birleşdirýär. Welosiped sportunyň döremeginiň taryhy welosipedi oýlap tapmak we kämilleşdirmek bilen baglanyşyklydyr. 1816-njy ýylda Germaniýanyň raýaty Karl fon Draýs welosipedi oýlap tapmak baradaky rugsatnamany alýar (ondan öň hem welosipediň bolandygy barada maglumatlar bar). Welosiped hereket etmegiň serişdesi hökmünde tizara ykrar edilýär we giňden ýaýbaňlandyrylýar. Gurluşynyň has kämilleşdirilmeginiň çäklerinde welosipediň tizliginiň artdyrylmagy netijesinde ol diňe bir ulag serişdesi hökmünde däl, eýsem sport üçin hem ynamly serişde boldy. Ilkinji iri halkara ýaryşy 1869-njy ýylda bat berlen Pariž – Ruan welosiped ýörişi boldy (aralyk 120 kilometr). Oňa gatnaşyjylar agaç welosipedlerde ýola düşýärler we ýaryşa gatnaşýarlar. Welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça birinji dünýä çempionaty 1893-nji ýylda ABŞ-nyň Çikago şäherinde geçirildi, şossedäki ýaryş boýunça dünýä çempionaty 1921-nji ýylda Daniýanyň Kopengagen şäherinde geçirildi. Dünýä çempionatlary ilki diňe erkekleriň arasynda geçirildi, 1958-nji ýyldan başlap dünýä çempionatlaryna aýallar hem gatnaşyp başladylar. Welosiped sporty häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň ählisiniň maksatnamalarynda giňden hödürlenildi (diňe 1904-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna diňe ABŞ-nyň toparynyň gatnaşandygy üçin ol resmi taýdan hasaba alynmady). Emma 1896-1924-nji ýyllaryň Olimpiýa ýaryşlarynyň maksatnamalary erkin ýagdaýlarda amala aşyryldy: kähalatlarda oňa diňe trekdäki ýaryşlar goşuldy (1900-1904-nji ýyllar) ýa-da diňe şossedäki ýaryşlar goşuldy (1912-nji ýyl). Ilkinji maksatnamalarda diňe erkekleriň arasyndaky ýaryşlar geçirilipdir. Aýallar ilkinji gezek şossedäki ýaryşlara 1984-nji ýylda we trekdäki ýaryşlara bolsa 1988-nji ýylda goşulypdyrlar. Olimpiýa oýunlaryndaky has durnukly maksatnama umumy çäklerde 1928-nji ýyldan başlandy we 1992-nji ýyla çenli onçakly üýtgedilmedi. Maksatnama welosiped sportunyň iki sany özbaşdak görnüşi goşuldy – şossedäki we trekdäki ýaryşlar.
Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07285 sek. ýüklenen baýt: 30383