Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Nebit biziň durmuşymyzda
Ýazylan wagty: 03 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Nebit biziň durmuşymyzda

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň soňky maslahatynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnama laýyklykda, geljek 7 ýylyň dowamynda ýurdumyzda senagat taýdan ösen ykdysadyýetiň esaslaryny döretmek üçin beýleki pudaklar bilen birlikde, himiýa senagatyny, gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny ösdürmek, täze önümçilikleri gurmak boýunça anyk çözgütler öňde goýuldy. Şol çözgütleri amal etmek üçin hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda uglewodorod baýlyklaryny diňe bir ýangyç-energiýa serişdesi hökmünde ulanman, gymmatly çig mal hökmünde ulanyp, köpsanly dürli sintetiki önümleri öndürmek üçin ýurdumyzda gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Himiýa senagatynyň ösmeginde nebitiň we nebit önümleriniň ähmiýeti has uludyr. Çünki häzirki döwürde olar halk hojalygynyň ähli pudaklarynda hem-de gündelik durmuşymyzda giňden ulanylýar.

Nebit – bu sintetiki kauçugy, spirtleri, polietileni, polipropileni we beýleki polimerleri, dürli plastmassalary we olardan edilen taýýar önümleriň birtoparyny, emeli matalary öndürmekde nebithimiýa senagaty üçin çig maldyr; motor ýangyçlaryny (benzin, kerosin, dizel we reaktiw ýangyçlary), ýaglary we çalgy serişdelerini, şeýle-de, bug gazan-peç ýangyjyny (mazut), gurluşyk materiallaryny (bitum, gudron, asfalt) öndürmegiň çeşmesidir; mallaryň ösüşi üçin olaryň iýmine goşundy hökmünde ulanylýan birnäçe belok dermanlaryny almak üçin hem çig maldyr. Nebit energiýanyň, ýylylygyň we ýagtylygyň hem çeşmesidir. Galyberse-de, nebit halk hojalygynda peýdalanylýan himiki önümleriň müňlerçesini almakda çig mal hökmünde giňden ulanylýar.

Plastmassalar (nebithimiýa kärhanalarynda alynýan monomerlerden sintezirlenýän, ýeňil şekile salynýan polimer materiallar) bolsa, biziň pikirimizçe, durmuşymyzda esasy orny eýeleýär. Irden biz dişimizi plastmassa çotgasy bilen arassalaýarys, häzirki zaman plastmassa çäýneginde çaý gaýnadýarys, daşy plastmassadan edilen telewizorda täzeliklere tomaşa edýäris. Kompýuterleriň köp bölekleri hem plastmassadan edilendir. Şol sanda bizi tutuş dünýä bilen birleşdirýän geçiriji simleriň daşky örtügini hem bellemek bolar. Gündelik durmuşymyzda ulanýan tehnikalarymyz, mebel, oýnawaçlar, gap-gaçlar, ýagtylandyryjylar, gaplamalar, sport enjamlary – plastikadan ýasalýan bu zatlaryň sanawyny entegem dowam etdirip bolýar. Emma iň gyzykly ýeri, biz elimizden plastmassanyň näçe görnüşiniň geçýänini bilmeýäris. Emeli plastikadan gündelik durmuşymyzda ulanýan tehnikalarymyz, awtoulaglaryň iri bölekleri ýasalýar, etilenwinilasetat geçiriji simleriň daşynyň önümçiliginde, aýakgap we oýnawaç önümçiliginde ulanylýar, stiroldan bolsa, arassaçylyk tehnikasy, hatda sowadyjylaryň gabarasy öndürilýär. Polietilen häzirki döwürde iň meşhur gaplama materialy hasaplanylýar. Ondan, hatda çüýşeleri we beýleki gaplary ýasaýarlar. Polimetiletakrilat äýnekleriň we ýagtylandyryş enjamlaryň önümçiliginde ulanylýar, polistiroldan bolsa oýnawaçlar, kanselýariýa harytlary we gaplama materiallary öndürilýär, poliuretandan matraslar hem-de aýakgap dabanlary öndürilýär. Bu agzalyp geçilenler biziň gündelik durmuşymyzda duş gelýän plastmassalarymyzyň hemme görnüşi däldir.

Plastikadan ýasalan enjamlardan başga biz, köplenç, oýnawaçlardan we sport enjamlaryndan başlap, suw geçiriji kranlaryň halkalaryna we prokladkalaryna çenli süýngüçden (rezin) ýasalýan dürli predmetleri ulanýarys. Süýngüji ilki-ilkiler gewiýa diýlip atlandyrylýan tropiki agajyň şiresinden alynýan tebigy kauçugy ýokary temperaturada gyzdyrmak arkaly öndüripdirler. Emma XX asyryň başlarynda nebit himiýasynyň önümi bolan butadienden butadien kauçugy sintezirlenipdir. Şol wagtdan bäri süýngüjiň dürli häsiýetli görnüşi öndürilýär. Bu ugurda öndürilip, durmuşymyzda wajyp orny eýelän materiallaryň ýene biri sintetiki matalardyr. Olary sintetiki polimerleri täzeden işläp taýýarlamak arkaly alynýan sintetiki süýümlerden öndürýärler. Polimer massasynyň erginini inçejik deşijiklerden goýberip, sintetiki ýüplügiň dürli görnüşlerini alýarlar. Olar bolsa polotnolaryň önümçiliginde ulanylýar.

Sintetiki matalaryň has giň ýaýran görnüşleri poliamid süýümlerinden hasaplanylýar: kapron, anid, enant. Olaryň önümçiliginde deslapky çig mal hökmünde benzol we fenol ulanylýar. Beýle materiallary ulanmagyň gerimi giň bolup, olaryň ulanylýan ýerleri tikin sapaklaryndan başlap, balyk tutmak üçin niýetlenen torlara we konweýer lentalaryna çenli uzaýar.

Neýlon ilkinji sintetiki süýüm hasaplanylýar, ol 1939-njy ýylda alnypdyr. Häzirki zaman sintetikasy tiz guraýan, howany gowy geçirýän hem-de ýylylygy saklaýan matalardyr. Olary geýeniňde, özüňi rahat duýýarsyň hem-de olarsyz indi rahat sport ýa-da syýahatçylyk eşigini göz öňüne getirmek mümkin däl. Berk sintetiki materiallardan çadyrlary, paraşýutlary, ganatlary we ýelkenleri ýasaýarlar. Mundan başga-da, sintetiki matalar öýüň bezeg işleri üçin hem-de mebelleri bezemekde giňden ulanylýar.

Belli sintetiki matalaryň içinde iň berk hem-de ýyrtylmaýany neýlon (poliamid) hasaplanylýar. Ol ýumşak, ýüňe meňzeş. Ony, köplenç, tebigy we sintetiki matalara goşýarlar, bu bolsa olara süýngüç häsiýeti berýär – berk hem-de howa geçirmeýän materiala öwürýär. Dürli görnüşli häzirki zaman materiallaryndan başga-da, nebitden ygtybarly ýuwujy serişdeler we beýleki gündelik durmuşymyzda ulanýan himiýa önümleri öndürilýär. Sintetiki ýuwujy serişdeleriň tebigy ýuwujy serişdelerden artykmaçlygy olaryň ýokary derejeli ýuwujylyk ukybynyň barlygyndadyr.

Aýdylanlaryň hemmesi ýene-de bir gezek öňden gelýän «gara altyn» diýen metaforanyň hakykatdygyny tassyklaýar. Sebäbi nebit bizi diňe bir ýagtylyk, ýylylyk hem-de dürli aralykda çalt hereketlenmek ýaly amatlyklar bilen üpjün etmän, eýsem, ol bize gündelik durmuşymyzdaky rahatlygy hem üpjün edýär. Plastmassadan ýasalan ownuk-uşak önümleriň – daraklaryň, gutularyň, düwmeleriň, oýnawaçlaryň köp mukdardaky önümçiligi XIX asyrda başlandy.

Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz tebigy baýlyklarymyzy netijeli özleşdirmek bilen, milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, şeýle-de, täze belentliklere çykarmak türkmen halkynyň bolelinlikde, eşretli durmuşda ýaşamagyna uly mümkinçilik açýar. Şeýle işleriň amala aşmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mydama rowaç bolsun.


Okalan sany: 72   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10099 sek. ýüklenen baýt: 37005