Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
GAZHIMIÝA PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYK GIŇEÝÄR
Ýazylan wagty: 03 июня 2018 Ýazan NEXTTM
GAZHIMIÝA PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYK GIŇEÝÄR

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda Germaniýanyň «ajz Engineering GmbH», «GazÇonTee GmbH» we «Thyssenkrupp» kompaniýalarynyň wekilleriniň, şeýle hem, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň alymlarynyň we hünärmenleriniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlarynyň hem talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen halkara ylmy-amaly hünär okuwy «Tebigy gazdan benzini we uglewodorod birleşmelerini almak üçin olaryň fiziki-himiki häsiýetlerini we düzümini fiziki-himiki usullar bilen kesgitlemekde ulanylýan häzirki zaman barlaghana enjamlary» diýlip atlandyrylýar.

Onda «ajz Engineering GmbH» kompaniýasynyň wise-prezidenti Wiehert Ursula kompaniýanyň dünýä ýurtlarynyň köp uniwersitetlerini we hassahanalaryny tebigy gazyň düzümini we fiziki-himiki häsiýetlerini kesgitlemek üçin häzirki zaman barlaghana enjamlary bilen enjamlaşdyrmak boýunça işleri alyp barýandygy barada habar berdi. Hanym Wiehert Ursula bu ugurda işleýän türkmen hünärmenlerini hem hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyrdy. «GazÇonTee GmbH» kompaniýasynyň baş menejeri Ralf Wagner tebigy gazdan metanoly we ammiagy almagyň tehnologiýalary barada çykyş edip, kompaniýanyň dünýä ýurtlarynda guran zawodlary, zawodlaryň kuwwatlyklary barada belläp, türkmen hünärmenlerine bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi. Hünär okuwy Himiýa institutynyň alymlarynyň çykyşlary bilen dowam etdirildi. Soňra nemes we türkmen hünärmenleri sorag-jogap alyşdylar.

Uglewodorod serişdelerine baý ýurdumyzda gazhimiýa pudagyny ösdürmekde Germaniýanyň kompaniýalarynyň telekeçilik, tehnologiki we önümçilik ugurlary boýunça teklipleri diňe bir tebigy gazy gaýtadan işlemek bilen dürli önümleriň önümçiliklerini gurnamaga gönükdirilmän, esasan, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň tejribehanalaryny gazhimiýa önümçilikleriniň çig malynyň, ýarym taýýar önümleriniň we materiallarynyň, haryt önümleriniň fiziki-himiki we ulanylyş häsiýetlerini kesgitlemegiň, düzümini barlamagyň häzirki zaman barlaghana enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Mineral serişdeleri gaýtadan işlemek senagatynda çig malyň, aralyk we haryt önümleriniň hil görkezijilerini hem-de himiki düzümini kesgitlemek önümçiligiň iň jogapkärli we wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Bu wezipäni ýerine ýetirmekde bolsa, seljermäniň fiziki-himiki usullary ulanylýar. Hil we mukdar seljermesini geçirmegiň himiki, fiziki we fiziki-himiki usullarynda ulanylýan tejribehana enjamlaryny, seljermäni geçirmegiň usulyýetlerini kämilleşdirmek analitiki himiýa ylmynyň, şeýle hem önümiň hilini dolandyrmak ulgamynyň esasy wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda, onda-da gaýtadan işleýän senagaty ösdürmekde, ýerli çig maldan öndürilýän önümleriň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmakda önümiň hiline baha bermek ulgamlaryny we usullaryny kämilleşdirmegiň ähmiýeti örän uludyr.

Şeýle halkara hünär okuwlarynyň yzygider geçirilmegi türkmen hünärmenleriniň daşary ýurt hünärmenleri bilen ykdysadyýetimiziň esasy pudagyny düzýän gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny has hem ösdürmekde öz netijesini berer. Şeýle hem, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň «Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy» kafedrasynyň professor-mugallymlary bilen talyplarynyň häzirki döwürde hem-de geljekde bu ugurda amala aşyryljak işleriniň netijesini has hem ýokarlandyrar.

Okalan sany: 84   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05323 sek. ýüklenen baýt: 33085