Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Dynç alyş merkezleri nebitgazçylaryň hyzmatynda
Ýazylan wagty: 03 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Dynç alyş merkezleri nebitgazçylaryň hyzmatynda

Gökdere jülgesinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň birnäçe dynç alyş merkezleri ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan bu merkezlerde ähli ýaşdaky adamlaryň dynç alşyny talabalaýyk guramaga mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Şolaryň biri-de, on bir gektardan gowrak meýdany öz içine alýan «Nesil» dynç alyş merkezidir. «Nesilde» çagalara niýetlenilen on blokdan daşgary adybir myhmanhana hem bar. Üstümizdäki ýyldan başlap bu myhmanhana dynç almaga isleg bildirýänleri kabul edip başlady. Olar ýekelikde, çagalary ýa-da bütin maşgalasy, dost-ýarlary, tanyş-bilişleri bilen özlerine amatly bolan wagtda, hepdäniň islendik gününde dynç alyp bilerler. Üç gatly, segsen dört orunlyk myhmanhana kyrk alty nomerden ybarat. Şonuň ikisi apartament, dördüsi lýuks otaglar bolup durýar. Myhmanhananyň naharhanasynda birbada kyrk adam naharlanyp bilýär. «Nesilde» dynç almak isleýänler tebigy çeşmä ýanaşyk bina edilen üç gatly lýuks otagly kottejlerden hem peýdalanyp bilerler. Bu ýerde kottejleriň üçüsi bolup, olaryň her biri alty maşgala niýetlenilendir.

Dynç alynýan, ýatylýan, aşhana otaglarynda ýerleşdirilen döwrebap mebeller – stol-stullar, diwan-kürsüler, sowadyjylar, telewizorlar we beýleki enjamlar bu ýere gelenleriň rahatlygyny üpjün edýär. Myhmanhananyň we kottejleriň ýyladyş, howa çalşyjy, salkynladyjy ulgamynyň bökdençsiz işleýändigini, gyzgyn we sowuk suw üpjünçiliginiň doly derejede ýola goýlandygyny bellemelidir. Giň, tämiz, ýaşamak üçin diýseň amatly asuda otaglar, myhmanhana hyzmatlary hemmelerde ýakymly täsir galdyrýar.

Gökderede iş saparyndakak, myhmanhana hyzmatlary hakynda «Nesil» dynç alyş merkeziniň hojalyk bölüminiň başlygy Bagtyýar Durdylyýew bilen gysgaça söhbetdeş bolduk. Biz onuň beren gürrüňini okyjylara ýetirýäris:

 – Merkezimizde her ýylda çagalaryň müňlerçesi dynç alýar. Indi, «Nesilde» ulularyň dynç alşyny hem ýola goýduk. Müşderiler diňe zähmet rugsadynda däl, dynç günlerinde, baýramçylyklarda, mahlasy islendik boş wagtlarynda bu ýere gelip, dynç alyp bilerler. Olar agşamlyk gelip, irden gaýtjak diýseler hem gelene-gidene gapymyz hemişe açyk. Hyzmatlar üçin bahalar elýeterlidir. Myhmanhana hyzmatlarynyň nyrhy müşderileriň ýaşajak otaglarynyň derejesine we iýmitlendirilişine baglydyr. Eger-de olar azygyny ýany bilen getirip, öz hasabyna iýmitlenseler, onda olardan diňe ýatakhana tölegi alnar. Dynç alýanlar islegine görä, ertirlik ýa-da üç wagtyna naharlamagy (ertirlik, günortanlyk, agşamlyk) sargap biler. Ýöne, diňe ertirlik ýa-da üç wagtyna naharlamak buýrulanda, bu ýere gelmek isleýänler iki-üç gün öňünden duýdurmalydyrlar. Ondan daşgary-da, merkezimizdäki kottejlerimizde ýerleşjek adamlaryň öz isleýän tagamlaryny taýýarlamagyna doly mümkinçilikler döredilendir. Ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilen aşhanalar olaryň hyzmatynda bolar. Biziň hyzmatlarymyzdan närazy bolup giden ýokdur. Geljekde-de şeýle boljakdygyna ynandyrýarys. Nebitgaz toplumynyň işgärlerini ähli maşgala agzalary bilen dynç alyş merkezimize çagyrýarys.

«Nesil» bilen tanyşlygymyz tamamlanansoň, biz «Nebitçi» dynç alyş merkezine bardyk. Bu ýerde hem dynç almaga gelýänlere merkeziň talapkär ýolbaşçysy Aman Ataýewiň tagallasy bilen ähli amatlyklaryň döredilendigine, işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna göz ýetirdik. «Nebitçä» gelenler bir, iki, üç orunlyk lýuks we adaty otaglara ýerleşdiriler. Olar süňňüni ýadawlykdan saplap, ruhuny täzeläp, wagtyhoş iş orunlaryna dolanar. «Nebitçiniň» myhmanhanasynda elli adamy kabul etmäge mümkinçilik döredilipdir.

Gökderäniň jümmüşinde arça tokaýlygyna basyrynyp oturan «Çeşme» dynç alyş merkezine ýüz tutanlara iň owadan we rahat kottejler garaşýar. Bu ýerde kottejleriň üçüsi bolup, olaryň her biri dokuz orunlykdyr. Olar bir we iki adama niýetlenilen lýuks otaglardyr.

Nebitgaz toplumyna degişli dynç alyş merkezleriniň ýene-de biri «Şöhle» diýlip atlandyrylýar. «Şöhle» öz myhmanlaryny dört orunlyk otaglarda kabul edýär.

Gökderedäki dynç alyş merkezlerinde nebitgazçylaryň, geologlaryň medeniýetli dynç almagy üçin uly işler bitirilipdir. Ýöne, bu ýerde adam eli bilen döredilen eşretden başga, Gökdere höziri diýlip atlandyrylýan ýene-de bir aýratyn bellenilmeli zat bar. Ol hem jülgäniň tebigy gözelligi, arassa howasy, ses-sedasyz rahatlygy, guşlaryň saýrak dili bilen nagma kakyşy, şemalyň oýnuna agaçlaryň mukama meňzeş şabram owazy, çeşmäniň şaggyldysy, bahar-ýaz paslynda asmandan inýän ýagyn düwmejikleriniň ýere düşende çykarýan düşündirip bolmajak täsin sesi...

 Gözel ülkämiziň bu täsin künjegine dynç almaga gelen adam Gökdere jülgesini öz hakydasyna müdimilik ýazýar.

Mämmet MÄMMEDOW,
«Nebit-gaz».

Okalan sany: 33   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06352 sek. ýüklenen baýt: 35088