Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Jadyly sungatyň söhbedi
Ýazylan wagty: 03 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Jadyly sungatyň söhbedi


Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda özüniň ukyby, başarnygy, ýiti zehini bilen kino sungatynyň gapysyndan hyjuwly gadamlary bilen ätlän kinorežissýorlaryň biri hem Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Halmämmet KAKABAÝEWDIR. Biz Halmämmet halypa bilen duşuşyp, söhbetdeş bolmagy makul bildik.

– Halmämmet halypa, ilki bilen, öz döreden filmleriňiz barada aýdaýsaňyz!
– Meniň dürli ýyllarda döreden «Taýharly oglanjyk», «Ynha, kakam gaýdyp geler», «Ogul», «Toba» atly çeper filmlerim daşary ýurt kinofestiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Hormatly Arkadagymyzyň ýakyndan ýardam bermegi we kino sungatyny ösdürmek üçin edýän tagallalary bizi täze-täze filmleriň üstünde işlemeklige iterýär.

– Döredijilik adamsy köptaraplaýyn bolanda, sungat gülläp ösýän bolmaly...
– Dogry aýdýarsyňyz, kino sungatynda-ha asylam şeýle. Öz ýoluň, öz garaýşyň, öz duýşuň, öz beýan edişiň... bolmaly. Ýöne, şol «özleri» nireden almaly? Ilki-hä, tebigy zehin, soňam okuw, zähmet, yhlas... Ynha, özümden mysal alaýyn. Ilki Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň hor dirižýory bölümini tamamlap, öňki Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda işe başladym. Ol ýerde zehinli režissýor Alty Garlyýew «Gül-Bilbil» operasyny, «Arşyn mal alan» atly azerbaýjan operasyny, «Maýsara» atly özbek operasyny sahnada goýdy. Men şol ussat režissýoryň assistenti bolup işledim. Şol beýik halypa bilen işlän döwrümde, sungata bolan söýgim has-da güýçlendi, ýene-de okamaklygy ýüregime düwdüm. Şeýdibem, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetinde, ondan soň Moskwanyň režissýorlary we ssenariçileri taýýarlaýan ýokary hünär kämilleşdiriş mekdebinde okadym. «Bir okana bar, bir dokana» diýleni. Diňe kitaby, okuwy özüňe ýoldaş edinseň, sungatda öz ýoluňy tapmaklyga çyrag bolýar.

– «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýilýär. Şu aýtgydan ugur almak üstünliklere alyp barýan bolmaly...
– Hawa. Sebäbi halypa özüniň kärini dowam etdirmeklige şägirt taýýarlamasa, şol hünäriň ýitip gitmegi gümansyzdyr. Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoluna uly üns berilýär. Türkmen döwlet medeniýet institutynda kino sungaty boýunça talyplara sapak berýärin. Ýaşlar bu sungatyň inçe syrlaryny öwrenmeklige uly gyzyklanma bildirýärler. Özümiň halypalarymdan öwrenen zatlarymy talyplara geçirmek babatynda zehinimi gaýgyramok. Ýaş zehinlerde saýlan hünärlerine söýgini terbiýelemek meniň özüme-de uly şatlyk getirýär.

Men ýokary okuw mekdepleri üçin «Kino režissýor» atly okuw gollanmasyny ýazdym. Onda özümiň köpýyllyk döredijilik tejribäme salgylanyp, kino sungatynyň iň kyn we çylşyrymly hünäri bolan kinorežissuranyň ideýa-estetik tebigatyny açyp görkezmek isledim.

Bagtyýar halkymyzy üstünliklere besleýän, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
– Halmämmet halypa, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Nebit-gaz».

Okalan sany: 64   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05111 sek. ýüklenen baýt: 32730