Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRY BILEN
Ýazylan wagty: 03 июня 2018 Ýazan NEXTTM
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRY BILEN

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylmagy bu şöhratly ýoluň ugrunda ýerleşýän medeni ýadygärliklerimizi, gadymy şäherlerimizi öwrenmekde hem-de olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir.

Beýik Ýüpek ýoly Hytaýy Alynky Aziýa we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan söwda kerwen ýoludyr. Olar daşary ýurtlara çaý, farfor, bezeg üçin boýag, kagyz önümlerini hem çykarypdyrlar. Bu harytlar Ýewropanyň bazarlarynda geçginli bolupdyr. Ýöne Hytaýyň esasy harytlarynyň ýüpekdigini nazara alyp, bu söwda ýoluna «Beýik Ýüpek ýoly» diýlip at berlipdir. Häzirki wagtda Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurt hökmünde öz ornuny gaýtadan dikeldýär, bu ýol gadymyýetde ýurdumyzyň çäklerinden geçipdir diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Adamzat siwilizasiýasynyň täsin gudratynyň birine öwrülen bu taryhy ýol täze görnüşde diňe bir döwletleriň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny däl-de, olaryň medeni, ynsanperwerlik, şeýle hem sport ulgamyndaky arabaglanyşygyny alamatlandyrýar.

Ýakynda döwlet Baştutanymyz Içeri işler ministrligine Halkara guramasy bilen bilelikde «Amul – Hazar 2018» atly halkara awtoralli ýaryşyny guramak babatda görkezmeleri berdi we onuň geçjek ugurlary kesgitlendi. Milli Liderimiz bu ugur boýunça welosiped ýaryşyny, onuň welaýatlaryň çäginden geçýän böleklerinde bolsa sport ylgaw ýaryşlaryny guramak hakynda teklibi öňe sürdi. Hormatly Arkadagymyz bu barada tabşyryk bermek bilen, Amuldan Hazara çenli geçiriljek awtoralli ýaryşynyň badalga we pellehana nokatlaryny kesgitledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu awtoralli ýaryşyna gatnaşyjylar diňe bir türkmen halkynyň taryhy mirasyna aralaşmak bilen çäklenmän, ady rowaýata öwrülen bu künjeklere düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüş hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň senagatlaşdyrylmagy bilen täze durmuşyň gelendigini görüp bilerler.

Türkmen türgenleri şeýle ýaryşlara yzygiderli gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda 2009-njy ýylda Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçen meşhur «Ýüpek ýoly» ýaryşy, Sankt-Peterburg – Soçi (2010-njy ýyl), Moskwa – Soçi (2011-nji ýyl), Moskwa – Gelenjik (2012-nji ýyl) ugurlary boýunça geçirilen ýaryşlar, dünýä Kubogynyň Abu-Dabide geçirilen tapgyry (2013-nji ýyl), «Dakar – 2015» ýaryşy bar. Şeýle ýaryşlaryň biri 2015-nji ýylda «Aşgabat – Derweze – Aşgabat» ugry boýunça geçirilen awtomobil ýaryşydyr. Türkmenistanyň toparynyň halkara we milli derejede geçirilýän awtomobil ýaryşlarynda çykyş etmegi milli awtomobil sportunyň ösüşleriniň nyşanydyr.

Welosiped sportunyň muşdaklarynyň sany hem yzygiderli artýar. Ildeşlerimiz welosiped sportuny, onuň bilen gezelençleri, işe gatnamagy ýörgünli dowam edýärler. Ýakynda Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegi boýunça – Amuldan Hazara çenli welosipedli ýaryş hem geçiriler. Milli Liderimiz medeni we sagaldyş maksatlaryny özünde jemleýän şeýle çäreleriň jemgyýetimizde işjeň durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, ülkämizi öwrenmäge, ýurdumyzyň taryhyny bilmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Şeýle giň möçberli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Okalan sany: 71   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05294 sek. ýüklenen baýt: 33035