Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Nebit pudagyny ösdürmegiň ugurlary
Ýazylan wagty: 03 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Nebit pudagyny  ösdürmegiň ugurlary


Bütindünýä alymlarynyň we bilermenleriniň kesgitlemegine görä, çig nebitiň çykarylyşynyň möçberini artdyrmak, ýagny nebit çykarýan pudagy ösdürmegiň dünýä tejribesi häzirki wagtda, esasan, aşakdaky iki ugur boýunça nebit işlerini amala aşyrmak bilen bagly bolup durýar:

1. Ekstensiw – uly möçberdäki maýa goýumlary goýmak bilen, amala aşyrylýan geologiýa gözleg-barlag işleriniň möçberini artdyrmak we täze nebitli känleri ulanyşa girizmek – bu ugur, esasan, möçber (san) tarapyndan çemeleşmek bolup durýar.

2. Intensiw – uly bolmadyk möçberdäki maýa goýumlary goýmak bilen, işlenip geçilýän känleriň önümli gatlaklarynda bar bolan senagat derejesindäki «çykarmasy has kyn» diýlip hasaplanylýan nebit gorly, ulanyşdaky känlere has oňaýly häzirki zaman innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly çig nebitiň çykarylyş depginini ýokarlandyrmak – bu ugur, esasan, hil tarapdan çemeleşmek bolup durýar.

Soňky döwürde nebitli, nebitgazly we gaznebitli känleri işläp geçmegiň dünýä tejribesinde umumy dünýä möçberindäki nebit gorlarynyň hasabynda «çykarmasy has kyn» derejesindäki nebit gorlarynyň paýy ýyl-ýyldan artýar. Bu bolsa, umumy çig nebitiň çykarylyşynyň kynlaşmagyna, känleriň ulanylyşynyň derejesiniň peselmegine getirip, önümiň suwlanmasynyň derejesi has ýokary bolan, abatlamagyň netijesi pes hasaplanylýan ulanyş guýularyň sanynyň artmagyna getirip biler. Ulanyşyň has giçki döwründäki käbir nebitli känlerden ýokarda agzalan şertlerde çig nebit çykarmaklygyň ähmiýetliligini garaşylýan ýokary derejede saklamaklygyň aňsat däldigi belli bir derejede duýulýar. Şeýle hem, gury ýer çäklerindäki känleriň nebit gorlarynyň köp bölegi, takmynan 5000 metre çenli çuňluklarda ýerleşýär we olaryň geljegi bar diýlip hasaplanylýan çäkleri ýeterlikli derejede öwrenilen, bu çuňluklarda täze iri nebitli känleri açmaklygyň şowlulygynyň derejesi gaty ýokary däl.

Ýokarda agzalanlar bilen baglylykda, bazar ykdysadyýetiniň nebitiň, şol sanda tebigy gazyň dünýä bahasyna berk bagly bolup durýan döwründe şeýle känleri işläp geçmekligiň ähmiýetliligi biraz peselýär. Şeýle ýagdaýda, çig nebit çykarmaklygyň ekstensiw strategiýasyny ösdürmek belli bir derejede töwekgelçilik bolup biler diýlip hasaplanylýar.

Beýleki tarapdan, dünýä möçberinde çig nebite we ondan alynýan önümlere bolan islegiň ýyl-ýyldan artmagy bilen, ekstensiw strategiýany ösdürmezden, häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly köp möçberde çig nebiti çykarmak dünýä möçberindäki känleriň önümli gatlaklarynda galan, çykarylmaga niýetlenen, senagat derejesindäki nebit gorlarynyň mukdarynyň has azalmagyna getirip biler. Şonuň üçin häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň we çig nebitiň dünýä bazaryndaky bahasynyň durnuksyz üýtgeýän şertlerinde dünýä nebit gorlaryny täze usullara we klassifikasiýalara geçirmek arkaly olaryň umumy elýeterli möçberini anyklamak peýdaly şertleriň biri bolup durýar diýlip hasaplanylýar.

Nebitgaz tejribesinden we ýerasty gidrodinamiki kanunlardan belli bolşy ýaly, nebitgazly känleriň emele geliş döwrüniň häzirki nebitgaz çykarylyş depgininiň tizliginden, takmynan ýüzlerçe müň ýyl uludygyny bellemeli. Şonuň üçin bilermenleriň çaklamasyna görä, uly maýa goýumlaryny talap edýändigine garamazdan, nebit pudagyny ösdürmegiň ekstensiw strategiýasyny ünsden düşürmekligiň köp ýyllaryň dowamynda nebit gorlarynyň anyklanan möçberiniň azalmagyna we çig mal serişdeleriniň artýan gytçylygyna getirmegi ähtimal.

Köp halatlarda doly işlenip geçilen derejesindäki we mundan beýläk senagat taýdan özleşdirmegiň ähmiýetli derejesi pes diýlip hasaplanylýan nebitgazly känleriň önümli gatlaklarynda galan nebit gorlarynyň möçberi umumy çykarylyp alnan derejesinden köp bolmagy mümkin. Dünýä nebit pudagynyň häzirki ýagdaýy, ýagny nebit gorlarynyň bar bolan, anyklanan senagat derejesindäki möçberi çäkli, täze tapylyp, üsti açylyp, ulanyşa girizilýän gorlaryň özleşdiriliş depgini ýokary, şonuň üçin häzirki wagtda bar bolan «çykarmasy has kyn» diýlip hasaplanylýan nebit gorlaryny işläp geçmekligiň innowasion çözgütlerini tapmaklygyň üstünde düýpli derejede işlenmegini talap edýär. Şeýle ýagdaýlaryň dowam etmezligi üçin ähli ünsi işlenip geçilýän we ulanyşyň soňky tapgyrlaryndaky känlerden çykarylýan çig nebitiň möçberini artdyrmaga, önümli gatlaklardan çykarylýan nebitiň ahyrky görkezijilerini has ýokarlandyrmaga gönükdirmeli.

Ýöne nebit çykarmaklygyň ekstensiw strategiýasynyň ösmegi bilen, maýa goýumlaryny talap edýän «könelişýän» nebitli känleriň statusyny gorap saklamaklyk talap edilýär. Ýogsa, bu çemeleşme diňe pudagyň ösüşini saklaman, onuň innowasion talaplaryny, täze, has oňaýly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak meselelerini, esasan, önümli gatlaklarda bolup geçýän, çig nebiti çykarmak derejesine täsir edýän ugurlar boýunça ylmy işleriň geçirilmeginiň, şeýle hem töwekgelçiligi pes diýlip hasaplanylýan innowasion taslamalary durmuşa geçirmekligiň depginini peseldýär. Şeýlelikde, bilermenleriň kesgitlemegine görä, çig nebiti çykarmaklygyň diňe ekstensiw strategiýasyna ýykgyn etmek şertlerinde nebit pudagyny ösdürmekde doly esaslandyrylmadyk töwekgelçilik bar diýlip hasaplanylýar.

Häzirki wagtda ulanyşyň has giçki döwründäki känlerden çykarylýan çig nebitiň möçberini artdyrmak, olaryň önümli gatlaklarynda bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlarynyň işlenip geçilişini has ýokary derejelere ýetirmek boýunça nebit pudagyny ösdürmegiň intensiw strategiýasynyň alternatiwiniň ýokdugy beýan edilýär. Şonuň üçin häzirki wagtda önümli gatlaklar boýunça ahyrky nebit çykaryjylyk görkezijileriniň ýetilýän şol bir derejesine harçlanýan umumy maliýe serişdeleriniň möçberiniň intensiw we ekstensiw strategiýalaryndaky mukdarynyň aratapawudyny her bir döwür üçin seljermek talap edilýär.
Intensiw strategiýada ýeterlikli derejede maýa goýumlaryny goýmak bilen, diňe «çykarmasy has kyn» nebit gorlaryny göz öňünde tutmaklyk ýeterlikli däl diýlip hasaplanylýar. Bilşimiz ýaly, diňe önümli gatlaklarda bar bolan işjeň gorlary işläp geçmän, käni doly we iň ähmiýetli derejede özleşdirmekligi köpugurly meýilnama esasynda amala aşyrmaly. Bütindünýä nebitgaz tejribesinden belli bolşy ýaly, ýeterlikli derejede gor serişdelerini döretmegi, nebitiň çykarylyşynyň depginini durnukly ýagdaýda saklamagy we ony mümkin bolan derejesinde ösdürmek işlerini diňe täze känleri açyp, ulanyşa girizmegiň hasabyna amala aşyrmaklyk ýeterlikli däl diýlip hasaplanylýar.

Dünýä nebitgaz tejribesine görä, işlenip geçilýän känlerden çig nebiti çykarmak häzirki zaman has oňaýly innowasion çözgütleri we tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylanda has amatlydyr. Dünýä statistikasyna laýyklykda, şeýle strategiýany ulanmagyň hasabyna çykarylmaly nebit gorlarynyň möçberiniň dünýä derejesinde, takmynan 1,5 esse we önümli gatlaklaryň ahyrky nebit çykaryjylyk görkezijisiniň derejesiniň, takmynan 50 göterime, has oňaýly geologiki-fiziki şertlerde bolsa 80 göterime çenli artdyrylýandygy nygtalýar. Çig nebiti çykarmakda şeýle ýokary netijeleriň gazanylýandygyna garamazdan, umumy nebit gorlarynyň hasabynda «çykarmasy has kyn» derejedäki gorlaryň möçberiniň ýyl-ýyldan artýandygyny bellemeli.

Şeýlelikde, ýokarda bellenilenlerden ugur alyp, nebit pudagynyň geljeginde çig nebiti çykarmaklygyň, mümkin boldugyça, iň ýokary derejelerine nebit gory ýeterlikli derejede bolan ýurtlar däl-de, has oňaýly innowasion tehnologiýalary önümçilige amatly şertlerde ornaşdyryp, peýdalanyp bilýän döwletler ýeter diýen çaklama öňe sürülýär.

Şunuň bilen baglylykda, dünýä nebitgaz tejribesine laýyklykda, nebit pudagynyň ösüş depginini talap edilýän ýokary derejede saklamak we ony ösdürmek üçin zerur bolan çig mal serişdeleriniň möçberini yzygiderli artdyrmak hem-de işlenip geçilýän känleriň önümli gatlaklarynda bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlaryny has ähmiýetli derejede özleşdirmek maksady bilen, käbir wajyp çözgütleriň kabul edilmegi talap edilýä. ilkinji nobatda, pudagyň bar bolan çig mal binýadyny hem-de onuň mümkinçiliklerini doly derejede öwrenmek, şeýle hem döwlet syýasatyny we dünýädäki durnuksyz ykdysady özgerişleri göz öňünde tutmak arkaly, ýokarda agzalan ugurlar boýunça pudak derejesinde ýokary hilli hem-de ylmy-tehniki taýdan esaslandyrylan innowasion çözgütleriň kabul edilmeginiň häzirki zaman meseleleriň biri bolup durýandygyny bellemelidir.

Okalan sany: 36   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05305 sek. ýüklenen baýt: 39675