Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Geologlar iş başynda
Ýazylan wagty: 03 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Geologlar iş başynda

Türkmen topragynyň bahasyz baýlyklarynyň biri-de tebigy gazdyr. Onuň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak dürli kesp-kärli hünärmenleriň maksada gönükdirilen ýagdaýda döredijilikli we gaýratly zähmet çekmeklerini talap edýär. Şeýle möhüm işe ýokary başarjaňlyk we tutanýerlilik bilen gatnaşýanlaryň arasynda «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň geologiýa bölüminiň işgärleri hem bar. Olar «mawy ýangyjyň» üznüksiz akymyny üpjün etmek, önümleriň öndürilişini artdyrmak ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler we gowy netijeleri hem gazanýarlar.

— Müdirligimize degişli gaz känleri Lebap welaýatynyň dürli sebitlerinde ýerleşýär. Biz olardaky guýularyň önüm berijiligini, abatlyk ýagdaýyny berk gözegçilikde saklaýarys, degişli barlaglary geçirip durýarys. Şonuň esasynda hem ýerlerde zerur bejeriş işlerini alyp barýarys. Bu babatda geçen ýylda gowy görkezijiler gazanyldy. Üstümizdäki ýylda hem depgini gowşatman, has yhlasly zähmet çekmegi maksat edinýäris — diýip, müdirligiň baş geology Berdi Kutlyýew alyp barýan işleri barada gürrüň berýär.

Müdirlige gaz känleriniň 19-sy degişli bolup, olaryň ikisi gazly, galan on ýedisi bolsa gazly we gaz kondensatlydyr. Geologlar gündelik işlerini känleriň ähli aýratynlyklaryny nazarda tutup guraýarlar. Önüm öndürilişini artdyrmak üçin guýularyň ýagdaýy, alynýan önümleriň düzümi we beýleki görkezijiler berk gözegçilikde saklanylýar we olaryň esasynda seljermeler geçirilýär. Şolaryň netijesinde her bir guýynyň ýagdaýyna anyk baha berlip, olar boýunça edilmeli zerur işler bellenilýär. Işleriň agramly bölegi bolsa işi togtadylan we önüm berijiligini peselden guýulary düýpli abatlamak bilen baglanyşykly ýaýbaňlandyrylýar. Bu babatda geçen ýylda işleriň uly toplumy berjaý edildi. Müdirligiň guýulary düýpli we ýerasty bejeriji böleginiň başarjaň işgärleri tarapyndan guýularyň 36-sy abatlanyp, gaýtadan işe girizildi. Olar täze ýyla hem uly ynam bilen gadam basdylar. Abatlaýjylar geçen aýda guýularyň dördüsinde bejergi işlerini tamamladylar. Netijede, olardan täzeden önüm alnyp başlandy. Möhüm işlerde Oraz Durdykulow, Maksat Allaberdiýew, Şatlyk Aşyrow we Haknepes Annaklyjew tarapyndan baştutanlyk edilýän toparlaryň agzalary has işjeňlik görkezýärler.

Üstümizdäki ýylda ýokarda ady agzalan bölegiň işgärleriniň öňünde guýularyň 35-sini abatlamak wezipesi durýar. Jogapkärli wezipäni abraý bilen berjaý etmek üçin işler sazlaşykly we netijeli guralýar. Täze ýylyň ilkinji aýynda gazanylan oňyn görkezijiler bolsa olaryň belent sepgitleri abraý bilen eýelejekdiklerine şaýatlyk edýär. Munuň üçin geologlar tarapyndan hereket etmegiň anyk ýörelgeleri işlenip düzülýär. Bu jogapkärli işde bölüm başlygy Akmyrat Atdaýew, bölüm başlygynyň orunbasary Azatmyrat Aýydow, esasy geolog Alym Rahmedow, 1-nji derejeli geolog Bahram Durdyýew we beýlekiler tutanýerlilik görkezýärler. Olaryň alyp barýan işleriniň mynasyp miwesini bolsa müdirlik boýunça gazanylýan ýokary önümçilik görkezijilerinde aýdyň görmek bolýar. Baş maksat bolsa «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda tebigy gazyň we gaz kondensatynyň öndürilişini artdyrmakdan ybaratdyr. Baýlyk öndürijiler taryhy senelere baý ýyly üstünliklere beslemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny ynam bilen nygtaýarlar. Olar özleriniň döredijilikli zähmet çekmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyk bildirýärler we edilýän deňsiz-taýsyz aladalara ak ýürekden, joşgunly zähmet çekmek bilen jogap berýärler.

Okalan sany: 77   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08166 sek. ýüklenen baýt: 32737