Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bäş meýdança hyzmat edilýär
Ýazylan wagty: 03 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Bäş meýdança hyzmat edilýär

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda ýerleşen Gögerendag meýdançasynda döredilen 2-nji nebitgaz çykaryş sehi «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine degişli bolup, ol döredilenden bäri geçen 38 ýylyň dowamynda onuň töwereginde täze nebitgaz ojaklary açylyp, bu gün meýdançalaryň sany bäşe ýetdi.
Aralary biri-birinden uzakda bolan Gögerendagdan soň özleşdirilip, işe girizilen Ördekli, Ekizak, Demirgazyk Ördekli, Uzynada meýdançalaryndaky nebitgazly, gaz kondensatly guýulardan gymmat bahaly uglewodorod önümini almakda sehiň nebitçiler topary ýadawsyz zähmet çekip gelýärler.

Gögerendag meýdançasynda burawlaýyş işi tamamlanan nebitgaz guýulary senagat taýdan özleşdirilip, işe girizilip, önüm alnyp başlananda, täze sehde bir gije-gündizde alty million kubmetr gazy aşaky gyzgynlykda arassalap akdyrmaga ukyply uly desga hem doly gurlup, ulanyşa berildi.

Bu gün gaz arassalaýjy we akdyryjy desga Gögerendagyň, Ördekliniň, Ekizagyň, Demirgazyk Ördekliniň, Uzynadanyň gazy akyp gelýär. «Mawy ýangyç» baýlygy desgada aşaky gyzgynlykda arassalanyp, merkezi gaz geçirijä akdyrylýar, gazdan saýlanyp alynýan gaz kondensaty bolsa, sehde oturdylan uly göwrümli çeleklere ýygnalýar. Ýygnalan gaz kondensaty Gögerendag meýdançasyndaky nebit guýularyň nebiti bilen garylyp, Gögerendag–Gumdag uly göwrümli nebit geçirijiniň kömegi bilen müdirligiň nebiti ýygnap, arassalap akdyrýan sehine ugradylýar.

Sehiň zähmetsöýer nebitçileri Gögerendag meýdançasynda 36-njy gaz guýusynda düýpli abatlaýyş işleri geçirip, senagat taýdan ýokary hilli özleşdirip, ulanyşa berdiler. Täze guýynyň bir gije-gündizde berýän gymmat bahaly baýlygy 200 müň kubmetr gaza barabar boldy. Şeýle hem sehiň nebitçileri Gögerendag meýdançasynda 88-nji nebit, Ekizak meýdançasynda 34-nji guýulary düýpli abatlaýyşdan soň, senagat taýdan özleşdirip, işe girizdiler. Bu guýular nebitgaz akymly bolup, gündelik çykarylýan «gara altyn», «mawy ýangyç» tonnasynyň artmagyna uly goşant boldy.

Şu günler meýdançalarda öň hereketsiz duran 12, 26, 76-njy guýularda düýpli abatlaýyş işi alnyp barylýar.
Geçen ýyl sehiň nebitçileri üçin örän jogapkärli ýyl boldy. Olar Gögerendagdan 65-70 kilometr uzakda ýerleşen Uzynada meýdançasynda taslama çuňlugy 7 150 metr bolan 7-nji guýyny burawlaýyşdan soň senagat taýdan özleşdirip, işe girizdiler. Bu jogapkärli işe sehiň tejribeli nebitçi operatorlary Seýdulla Hajygeldiýew, Şatlykdurdy Aýtlyýew, Gurbanguly Magtymgulyýew, Toýmämmet Nuryýew we sehiň, müdirligiň jogapkär işgärleri gatnaşdylar. Täze meýdançadaky guýy has ýokary önümli bolup, bir gije-gündizde 100 müň kubmetr gaz, 200 kubmetr gaz kondensatynyň akymyny berdi.

Demirgazyk Ördekli meýdançasynda daýandyryjy nasoslar bekedi gurlup, işe girizildi. Onuň kömegi bilen meýdançadaky 10, 12, 76, 106, 112-nji, Uzynadadaky 7-nji guýularyň gazy arassalanyp, gaz garyndysy ýörite oturdylan uly göwrümli çeleklere ýygnalýar, gaz bolsa Gögerendag – Ördekli gaz geçirijiniň üstünde gurnalan PP-063 kysymly ugurdaş gyzdyryjy peçleri işletmek üçin ulanylýar.

Ekizak meýdançasynda bir gije-gündizde bir million kubmetr gazy geçirmäge ukyply bolan gazy aşaky gyzgynlykda arassalap akdyrýan kiçi göwrümli desga gurnaldy. Bu desga dört sany gaz guýusynyň gazy arassalanyp, günde 300 müň kubmetre golaý gaz Körpeje meýdançasyndaky gaz geçirijä akdyrylýar.

Okalan sany: 55   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05826 sek. ýüklenen baýt: 32768