Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Öňde uly işler garaşýar
Ýazylan wagty: 03 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Öňde uly işler garaşýar

Gözleg we ulanyş guýularyny burawlamak, nebiti, tebigy gazy we gaz kondensatyny çykarmak, olary turbageçirijiler arkaly akdyrmak, nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen meşgullanýan önümçilik kärhanalarynyň onlarçasyny öz düzüminde birleşdirýän «Türkmennebit» döwlet konserni Türkmenistanda iri önümçilik-hojalyk toplumlarynyň biridir. Ol diňe bir Balkan welaýatynda däl, eýsem, tutuş ýurdumyz boýunça iş alyp barýar. Geçen ýyllaryň dowamynda konsern tarapyndan Ahal welaýatynda Ýylakly, Mydar, Mary welaýatynda Günorta Ýolöten, Lebap welaýatynda Ýaşyldepe ýataklary özleşdirilip, ulanylyşa girizildi.

«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna», şeýle hem, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň giň toplumy durmuşa geçirilýär.

Döwlet konserni tarapyndan amala aşyrylan geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde geljegi uly bolan känleriň birnäçesi özleşdirildi. Soňky ýyllarda Barsagelmez, Goturdepe, Nebitdag, Gögerendag, Uzynada, Akpatlawuk, Altyguýy we beýleki känlerde täze nebitgaz guýularynyň birnäçesi gazyldy we önümçilige girizildi. Çykarylýan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» mukdaryny artdyrmak maksady bilen, Balkanýaka hem-de Gögerendag-Ekerem göterilme zolaklarynda we Gyzylgum bükülmesinde nebitgazly känlerde täze gatlaklary we ýataklary açmak, Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýalpaklygynda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek, täze Hazarýaka sebitindäki meýdançalarda gözleg-barlag gazuw işlerini güýçli depginde alyp barmak we özleşdirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet konserni tarapyndan Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň Hazaryň ýalpaklygynda ýerleşýän böleginiň özleşdirilip başlanmagy nebitgaz senagatymyzda ädilen aýgytly ädim boldy. 1991-nji ýylda suwuň derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde synag işleri togtadylan 29-njy guýy üstünlikli dikeldilip, 2010-njy ýylda 4000 metr çuňlukdaky täze gatlagyň özleşdirilmegi netijesinde nebitiň güýçli akymy alyndy. Hoş habaryň buşlukçysy bolan şol guýynyň yzysüre deňiz ýalpaklygynda guýularyň birnäçesi burawlandy.

Üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň Hazar deňziniň ýalpaklygynda ýerleşýän meýdanyny özleşdirmek boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijesi hakdaky habary diňledi. Geçirilen seljermeler bu meýdanda örän baý uglewodorod ýataklarynyň bardygyny tassyklaýar. Bu meýdany daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmegiň deslapky taslamasy işlenip taýýarlanyp, onuň esasy maksady Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek işini çaltlandyrmakdan, daşarky bazara ýerlenilýän nebit önümleriniň möçberini artdyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň geçen maslahatynda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda işjeň maýa goýum syýasaty alnyp barlar. Bellenilen ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ulgamyna esasy maýa goýum hökmünde 240 milliard manatdan gowrak serişde goýberiler. Şu döwürde nebitgaz toplumyna 159,9 milliard manat möçberde düýpli maýa goýumlary gönükdiriler. Bu Demirgazyk Goturdepe, Altyguýy, Uzynada ýaly täze ýataklaryň işjeň özleşdiriljekdigini aňladýar. Geljegi uly Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň Hazar deňziniň suw ýalpaklygynda ýerleşýän meýdanyny özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde jemi 60 sany gözleg-barlag we ulanyş guýularyny, şeýle hem, beýleki zerur desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

Halkymyzda «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýen pähim bar. Nesip bolsa, ol ýerde geçiriljek işler guwandyryjy netijeleri berer.

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň
«Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň
Tehniki wagyz ediş we durmuş
maksatly hyzmatlar merkeziniň tehniki wagyz ediş gullugynyň esasy habarçysy.

Okalan sany: 34   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14926 sek. ýüklenen baýt: 34180