Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
WELOTREK ÝARYŞLAR
Ýazylan wagty: 04 июня 2018 Ýazan Mayichka
WELOTREK ÝARYŞLAR - Welotreklerde ýa-da welodromlarda geçirilýän welosportuň Olimpia oýunlarynyň meýilnamasyna girýän görnüşidir. Welotrek ýaryşynyň birnaçe görnüşi bar.
SPRINT ÝARYŞY - welotrek ýaryşynyňyň bir görnişi. Bu ýaryş trekde iki ýa-da üç aýlawa geçirilýär we ýaryşa ýörite saýlanan iki, üç ýa-da dört sany welosipedçi gatnaşýar. Pellehanadan birinji geçmegi başaran welosipedçi ýeňiji diýip yglan edilýär. Sprint welosportuň gadymy görnüşiniň biri bolup erkekleriň arasynda ilkinji gezek dünýä ýaryşly 1983-nji ýylda, zenanlaryň arasynda 1895-nji ýylda geçirildi. Sprint ýaryşy Olimpiýa oýunlarynyň meýilnamasyna 1896-nji ýylda girizildi.
ÝEKELIKDE YZARLAMAK ÝARYŞY - Welotrekde iki sany welosipedçiniň biri-birini yzarlamak ýaryşy. UTUK BOÝUNÇA ÝARYŞ - bu ýaryşa gatnaşyjy welosipedçileriň sany çäklendirilmeýär. Geçmeli aralyk erkekler üçin 40 km zenanlar üçin 25 km. Ýaryşyň maksady mümkin boldugyça köp utuk gazanmak.
GIT ÝARYŞY-2008-nji ýyldan bäri olimpiýa oýunlarynyň meýilnamasyna girýär.Bu ýaryşda welosipedçiler mümkin bolan gysga wagtyň içinde, uly tizlik bilen ýekelikde 1 km, 500 ýa-da 200 m. aralygy geçmeli. Ýaryşda duran ýeriňden ýa-da bat alyp ugramaga rugsat berilýär.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05543 sek. ýüklenen baýt: 29350