Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy
Ýazylan wagty: 04 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Çaga—durmuşyň güli, ýaşaýşyň dowamaty. Hut şonuň üçinem, bütin dünýäde bolşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenip geçilýär.
Ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň iň gowy şertlerde ösüp-ulalmaklaryny, ylym-bilim alyp, geljekde Watana, halka wepaly adamlar bolup ýetişmeklerini üpjün etmek milli Liderimiziň öňe sürýän esasy wezipeleriniň biridir.
Ösüp gelýän ýaş nesli alada bilen gurşap almak, olaryň döwrüň ösen talaplarynyň derejesinde bilim almaklaryny, geljekde hünärli ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen döwletimizde ýaş nesliň hukuklarynyň doly berjaý edilmegini kepillendirýän milli kanunçylyk namalar kabul edildi. Munuň özi çagalary goramagyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň milli kanunçylyk bilen sazlaşykly utgaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. «Ýaşlaryň zähmete bolan hukuklarynyň kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda», şeýle hem «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy resminamalar ýurdumyzda hemmetaraplaýyn sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmekde tutumly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ähli ugurlarda bolşy ýaly, çagalaryň hukuklaryny goramak babatynda hem ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, mundan başga-da, guramanyň aýallaryň we çagalaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen möhüm resminamalarynyň tutuş toplumyna goşuldy we bu babatda öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edip gelýär. Häzirki wagtda BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridir. 1994-nji ýyldan bäri bu gaznanyň Aşgabatda wekilhanasy hereket edip gelýär. ÝUNISEF bilen soňky ýyllarda saglygy goraýyş, bilim, sport, eneligi we çagalygy goramak hem-de beýleki dürli ulgamlarda möhüm taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda 2018—2020-nji ýyllar aralygynda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamasynyň kabul edilendigini aýratyn bellemek gerek. Bu meýilnamanyň esasy maksady ýurdumyzda çagalary goramagyň hukuk esaslaryny halkara ölçeglerleri we öňdebaryjy tejribeler esasynda kesgitlemek arkaly çagalaryň hukuklaryny ilerletmekde goldaw bermekden ybaratdyr.
Ýurdumyzda çaganyň hukuklarynyň goraglylygy olaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzir ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Nesillerimiziň kämil bilim almaklaryny üpjün etmek boýunça öňe sürlen aýdyň wezipeler, olaryň zehin başarnyklaryny  işde, durmuşda ulanyp bilmekleri üçin döredilýän amatly  şertler, ylmyň täze gazananlarynyň okuw-terbiýeçilik işlerine yzygiderli ornaşdyrylmagy özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, çagalar-sagaldyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň möhüm bölegidir.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar  baglarydyr mekdepler bilen bir hatarda, çagalaryň mynasyp dynç almaklary, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin medeni-dynç alyş hem sport desgalarynyň yzly-yzyna gurlup, ulanylmaga berilýändigini hem aýratyn belläp geçmek gerek. Paýtagtymyzdaky «Buzly köşk», «Ertekiler dünýäsi» toplumy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky oýun attraksionlary... bagtyýar çagalarymyzyň iň bir gelim-gidimli, söýgüli ýerleridir. Indi ýylyň-ýylyna gyş hem tomus pasyllarynda Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş-dynç alyş merkezleri ýaş nesillerimiziň ygtyýarynda. Munuň özi Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurdudyr diýmäge doly esas berýär.
Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06451 sek. ýüklenen baýt: 32681