Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Çagalaryň şatlykly gününde
Ýazylan wagty: 04 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Berkarar Watanymyzda eşretli durmuşyň, bagtyýar zamananyň gujagynda ýaş nesiller, çagalar kemala gelýär. Ýurdumyzda  ýaş nesiller barada bimöçber aladalar edilip, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde yzygider gurlup ulanylmaga berilýän döwrebaplaşdyrylan bilim ojaklary, çagalar baglary, ähli mümkinçilikleri bolan sport desgalary çagalaryň bagtyýar geljegine niýetlenendir. Ýurdumyzda Watanymyzyň, halkymyzyň ertirini, geljegini ynamdar nesillere ynanmaklyk baş maksada ýugrulandyr.
    1-nji iýun Çagalary goramagyň Halkara güni. Bu gün ýurdumyzyň ähli ýerinde, oba-şäherlerinde adamlary baýramçylyk şatlygy gurşap alýar. Ähli ýerlerde baýramçylyk çäreleri, dabaralar köpçülikleýin ýaýbaňlandyrylýar. Saýat etrabynda-da Çagalaryň baýramçylyk gününde çagalar baglarynda, bilim ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri köpçülikleýin geçirilýär. Ýaşuly nesliň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň gatnaşmagyndaky duşuşyklarda, çaga edebi Watanyň, halkyň öňündäki borç, belent ahlak ýaly terbiýeçilik ähmiýetli söhbet edilýär. Bu gün bagtyýarlykdan göwün guşy ganatlanýan sungata zehinli ýaşlar aýdym-sazly çykyşlary bilen özgelere şatlyk paýlaýarlar. Etrabyň medeniýet işgärleri bolsa medeni-köpçülikleýin çäreleri çagalara sowgat berýärler.
Okalan sany: 48   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05358 sek. ýüklenen baýt: 29712