Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Täze başlangyç, täze baýramçylyk
Ýazylan wagty: 04 июня 2018 Ýazan NEXTTM
“Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda arkama-arka kerwen ýollary geçen türkmen topragynda taryhymyz täzeden janlanyp, göwünler galkynýar. Alla nazaryn salan gözel Diýarymyzyň keşbi her gün özgerip, jenneti mekana öwrülýär, bedew bady bilen öňe gidip, baky bagtyýarlyk nuruny çaýýar. Milli Liderimiz başyny dik tutyp, iň täze taryhyň täze-täze sahypalaryny açýar. Ady ýüreklerimiziň töründe orun alan jan Watanymyz Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýollary täze dikeldilýär. Demir ýollar, deňiz ýollar dünýä uzaýar. Deňiz derwezesi- Halkara portundan ak gamiler dünýä seýrana çykyp, ýüpek ýollar çar ýana uzaýar. Deňizleriň soltany, köňülleriň soltany, aýdymlaryň soltany, bagtyýarlygyň bagt guşy bolup, çarlak guşlar asuda asmanymyzda ganat ýaýyp uçýar. Eziz Watana, ajap çaga, jennet baga, Arkadaga guwanarys, buýsanýarys. Ýurdumyzda döredilen ähli şertleri, mümkinçilikleri sag-sahabatlykda hözürini görmek halkymyza nesip etsin!
“Il saglygy- ýurt baýlygy”, “saglygym baýlygym” diýlen dana sözleri ýörelge edinen hormatly Prezidentimiz ynsan saglygy barada döwlet derejesinde uly aladalary edýär. Ýagny, sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek işine uly üns berýär. Aýratyn hem soňky ýyllarda welosiped  bilen meşgullanmagy halkymyza endik etdirdi. Soňky wagtlarda welosporty bilen meşgullanýanlaryň sany has-da artdy. Bu sport adamlar üçin amatly we ekologiýa taýdan arassa bolup, uly ähmiýete eýedir. Welosipedler öňler agaçdan ýasalypdyr. 1868-nji ýylda ilkinji welosiped ýaryşy Parizde geçirlendigi bize taryhdan mälim. Şonda işlis türgeni 1200 metr ýoly agaç tigirinde geçip, ýeňiji bolupdyr. Welosipetde ýol ýaryşlary şondan bäri geçirilýär. Adamzat durmuşynda uly orun alan welosiped bu gün gas kämilleşdi. Ýurt Baştutanymyzyň tagallasy bilen BMG-nyň çäklerinde baýramçylyk döredi. Adamyň jan saglygyna peýdaly bolan Bütindünýä welosiped güni döredi. 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edildi. Bu baýramy ilkinji gezek türkmen halky agzybirlikde bellär. Mübärek Remezan aýynda geçiriljek bu baýramçylyk ruhybelentlige, şatlyk-şowhuna beslenjegine ynanýarys. Baýramlarymyz gutly, mübärek bolsun!

Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05122 sek. ýüklenen baýt: 30470