Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ÇAGA TELEWIZORYŇ ÖŇÜNDE
Ýazylan wagty: 05 июня 2018 Ýazan Mayichka
ÇAGA TELEWIZORYŇ ÖŇÜNDE.
Ýatmagynyň öň ýanynda (käte düşekdekä-de) telewizoro tomaşa etmek, radiogepleşikleri diňlemek endigi __çaganyň ukusyny bozýan güýmenjeleriň biri. Ukudan galyp, telefilmlere, gepleşiklere, onda-da ýaşuna laýyk gelmeýän, elhenç, gorkunç, agyr filmlere seretmegi, gijara radio diňlemegi onuň saglygyna zyýan ýetirýär, uka gitmegine päsgel berýär. Ylaýta-da, körpeleriň köpüsini ýaraýan “uruşly”, “atyşykly” filmler beýnini tolgundyrýar, göçgünleşdirýär. Gorkunç şekiller uzak wagtlap körpäniň göz öňünden gitmeýär. Haýbatly sesler, gykylyk gijesi bilen gulagynda ýaňlanýar durýar. Ata-eneler öz perzentlerini diňe çagalar üçin niýetlenen, olaryň ýaşyna görä saýlanylýan gepleşiklere, ertekilere, multfilmlere, ynsanyň we beýleki janly-jandarlaryň ýaşaýyş-durmuşy, taryhy wakalar, tebigat, sungat, dürli senetler barada sada,düşnükli dilde gürrüň berýän filmlere seretmäge, gepleşikleri, aýdymlary diňlemäge öwrenişdirmeli. Galyberse-de, agşamlaryna çaganyň telewizora ýakynlaşmazlygyna gözegçilik etmeli. Tä meýmireýänçä erteki aýdyp bermek, hüwdi ýaly bolup ýaňlanýan nusgawy sazlary, halk mukamlaryny diňletmek welin peýdaly.
Okalan sany: 12   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05561 sek. ýüklenen baýt: 29315