Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
UKY ÝERETLIK ALYNMASA
Ýazylan wagty: 05 июня 2018 Ýazan Mayichka
UKY ÝERETLIK ALYNMASA.
Çaga günuzyn hereketde bolýar: bökjekleýär, oýnaýar, ylgaýar. Onuň dyngysyz hereketlerine beden agzalarynyň, myşsalarynyň ählisi işjeň gatnaşýar. Netijede, juda köp güýç-kuwwat sarp edilýär. Ýitirilen energiýanyň öwezini dolmak üçinçaganyň oňat dynç almagy, ýeterlik uklamagy zerurdyr. Ukudaka onuň beýnisi, myşsalary, süňkleri, beýleki agzalary dynç alýar. Ukusyny alman turan halatlarynda çaga tutuş günläp eýpsiz, gaharjaň bolýar. Ünsi, pikirleri dagynyk bolup, sapakda ünsüni jemläp bilmeýär. Haýsydyr bir işi etmek, öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek, hatda oýnamak hem oňa kyn düşýär. Aşgazan şiresiniň ýeterlik bölünip çykmaýandygy zerarly iýeni siňmeýär. Üstesine, işdäsi kesilýär. Ukusy bzoulan çaganyň fiziki, psiho-motor ösüşi bökdelýär. Elbetde, çaganyň sagdyn ýaşamagyny, kadaly ösmegini üpjün etmekde ukynyň hem uly ähmiýetiniň bardygyna ata-eneleriň aglabasy düşünýär. Ýöne onuň öz wagtynda düşege geçmegini, tiz uka gitmegini, ynjalykly uklamagyny gazanmak üçin belli-belli düzgünleri berjaý etmegiň zerurdygyna aň ýetirmeýänler hem az däl. Ukynyň diňe bir körpeler üçin däl-de, eýsem, ulular, hatda haýwanlar, guşlar üçinem wajypdygyny çagaňyza düşündiriň. Käbir haýwanlaryň, aýdaly aýylaryň, hažžyklaryň, zemzenleriň arly gyşy ýatyp geçirýändigini, şeýdip güýç-kuwwat toplaýandygyny oňa gürrüň beriň. Ukudaka bedeniň her bir agzasynyň işlemegini dowam edýändigini, adamyň uklap ýatan wagtynda-da dem alýandygyny, öýkeniň dokumalary kislorod bilen üpjün edýändigini, gije hem alyş-çalyş hadysalarynyň bolup geçýändigini, organizme zerur maddalaryň gelip, zäherli galyndylaryň daşary çykarylýandygyny bilmek hem çagalar üçin gyzykly we peýdaly bolar. Oguluňyzyň, gyzyňyzyň ukyny temmi ýa-da mejbury çäre hökmünde kabul etmegine ýol bermäň. Agşam onuň düşege höwes bilen geçip, çalt uka gitmegini gazanyň.
Okalan sany: 62   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05132 sek. ýüklenen baýt: 30169