Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SAZLAŞYKLY ÝÜZMEGIŇ HÄSIÝETNAMASY
Ýazylan wagty: 05 июня 2018 Ýazan Mayichka
SAZLAŞYKLY ÝÜZMEGIŇ HÄSIÝETNAMASY
Sazlaşykly ýüzmek – suw sportunyň esasy görnüşleriniň biri hasaplanylýar. Sazlaşykly ýüzmek boýunça ýaryşlar Olimpiýa oýunlarynyň, dünýä we yklym çempionatlarynyň maksatnamasyna goşuldy. Sazlaşykly ýüzmek gatnaşyjylaryň düzümi boýunça – sportuň zenanlar görnüşi (birnäçe ýaryşlara erkekleriň hem gatnaşmagy bu görnüşiň görkezilen häsiýetnamasyny aradan aýyrmaýar). Sazlaşykly ýüzmek häsiýetli alamaty boýunça – sportuň çeperçilik görnüşidir. Ol turuwbaşdan ýygnanan tomaşaçylaryň ünsüne, sportuň tomaşaly çykyşlarynyň döredilmegine gönükdirilýär. Sazlaşykly ýüzmek boýunça ýaryşlary geçirmegiň şerti boýunça – üýtgeýjilik, özgerijilik köpgörnüşlilere degişlidir. Bäsleşikleriň esasy nusgasy – kubok ýaryşlarynda toparlaryň çykyşlarynyň ähli görnüşleri boýunça iň gowy netijeli bahalar berilýän çempionatlardaky we birinjiliklerdäki hem-de Kubok ugrundaky bäsleşiklerde solistleriň, duetleriň we toparlaryň arasynda medallar toplumlaryny gazanmakdyr. Erkin maksatnamadan başga-da käbir türgenler ýaryşlarda hökmany maksatnama (“mekdep”) boýunça çykyş edýärler. Köp wagtlap ýaryşlar şu aşakdaky nusgada guraldy: hökmany+erkin maksatnamalar; 1990-njy ýyllaryň ortalarynda “mekdebi” tehniki (“gysga”) diýip çalyşmaklyk döredi we ol tehniki (“gysga”) önümçilik maksatnamalary görnüşinde amala aşyrylyp başlandy hem-de ýaryşlar şu aşakdaky nusga geçirildi: tehniki (gysga)+erkin (uzyn). Hökmany maksatnama (“mekdep”) çagalaryň we ýetginjekleriň maksatnamasynda saklanyp galdy. Klub we sebit ýaryşlarynda erkin maksatnamanyň (solo, duet, topar) dolulygyna hödürlenilmegi hökmany däl. Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna üýtgeýän şekilde diňe aýry-aýry görnüşleri goşulýar. Milli çempionatlar we birinjilikler, yklym we dünýä çempionatlary we birinjilikleri, kubok ugrundaky ýaryşlar doly maksatnama boýunça geçirilýär.
Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05093 sek. ýüklenen baýt: 30146