Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
GANDBOL OÝNUNYŇ TARYHY
Ýazylan wagty: 05 июня 2018 Ýazan Mayichka
GANDBOL OÝNUNYŇ TARYHY XIX ýüzýyllygyň başynda bedenterbiýäniň güýçlenmeginiň täze usuly hökmünde şol wagtky Çehoslowakiýa, Irlandiýa, ABŞ, Daniýa, Germaniýa döwletlerinde ylgawly we topy eliň bilen zyňmak görnüşindäki oýny oýnap başladylar. Gandbol oýny 1898-nji ýylda Daniýanyň Ordrup şäheriniň aýallar gimnaziýasynyň mugallymy Holger Nilsen tarapyndan döredilýär. Bu oýny ol öz okuw sapaklarynda her tarapda 7 adamdan ybarat bolan topar düzüp, olary uly bolmadyk meýdançada oýnadypdyr we bu oýny „Handbol“ diýip atlandyrypdyr. Şol döwürde Çehoslowakiýa döwletinde mekdebiň gözükdirijisi Jozen Hlenka şol oýna meňzeş oýny döredipdir we onuň adyny „Çeska Hazena“ diýip atlandyrypdyr. 11x11 adam bolup oýnalýan gandbol oýnunyň döremegi 1917-1919-nji ýyllara degişlidir. Şol döwürlerde Berlinde Haýzer we Şeles atly mugallymlar tarapyndan düzgünnama işlenilip taýýarlanypdyr. Gandbol oýnunyň meýdançasynyň birinji ölçegleri 40x40 metr, derwezäniň ini 2 metr, beýikligi 2.10 metr bolupdyr, topuň ölçegi bolsa 68-70 sm bolupdyr. Ondan soň gandbol oýnunyň täze düzgünlerini döredipdirler. Meýdançany we derwezäniň ölçegini 5x2,5 metre çenli ulaldypdyrlar. 1923-nji ýylda gandbola „üç ädim“ we „üç sekund“ atly täze düzgünler girizilýär. Bu bolsa gandbol oýnunyň çalt depginler bilen ösmegine uly täsir edýär. 1926-njy ýylda Gaagada geçirlen kongresde Halkara atletika sport federasiýasy tarapyndan oýny özleşdirmek maksady bilen ýörite topar döredilýär. Şondan bäri gandbol beýleki sport görnüşleri bilen deň hukukly diýlip hasap edilýär. 1928-nji ýylda Amsterdamda Halkara gandbol federasiýasy döredilýär. Ilki başda oňa 11 döwlet girýär, 2 ýyldan soň bolsa oňa 20 döwlet girýär. Häzirki wagtda Halkara gandbol federasiýasyna (IGF) 73 döwlet girýär. Ilkinji dünýä çempiýonaty Praga şäherinde 1930-njy ýylda aýallaryň arasynda geçirilýär. 1936-njy ýylda gandbol oýny Olimpiýa sport görnüşleriniň hataryna girýär. Şol Olimpiýadada birinji orny Germaniýanyň topary eýeleýär. Olimpiýada günlerinde 1938-nji ýylda Halkara sport fedrasiýasy özüniň 4-nji kongresini geçirýär. Şol kongresde gandbol boýunça erkekleriň arasynda dünýä çempiýonatyny Germaniýa döwletinde geçirmeli diýlen karara gelinýär. Çempiýonatda gandbol oýnunyň 7x7 we 11x11 görnüşlerini oýnamaly edilýär. Şol çempiýonatda Germaniýanyň topary çempion bolýar. Şondan soň ikinji jahan urşy sebäpli dünýä sportunyň we şol sanda gandbol oýnunyň hem ösmegi togtaýar. Ikinji jahan urşundan soň gandbol oýny täzeden güýjäp başlady we 1946-njy ýylda täze Halkara gandbol federasiýasy döredildi (IGF). Täze gandbol federasiýasy gandbol boýunça 2-nji dünýä çempiýonatyny 1948-nji ýylda Fransiýada geçirmeli edýär. Oňa 12 döwlet gatnaşýar we şol çempiýonatda Şwesiýanyň ýygyndy topary birinjiligi eýeleýär. 1949-nji ýylda Budapeştde aýallaryň arasynda geçirlen 2-nji dünýä çempiýonatynda birinjiligi Wengriýa döwletiniň topary eýeleýär. Şondan soň gandbol oýny boýunça dünýä çempiýonatyny her 4 ýyldan bir sapar geçirmeli edilýär. 1952-nji we 1956-njy ýyllarda 3-nji we 4-nji dünýä çempiýonatlarynda GFR-synyň topary birinjiligi eýeleýär. Aýallaryň arasynda 1956-njy we 1960-njy ýyllarda 3-nji we 4-nji dünýä çempiýonatlarynda Rumyniýanyň topary birinjiligi eýeleýär. 1959-njy ýylda Halkara gandbol federasiýasyna 26 döwlet agza bolýar.
Okalan sany: 59   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05161 sek. ýüklenen baýt: 31756