Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Innowasiýalar we dessinlik “Türkmengazinžiniring we gurluşyk” Müdirliginiň işiniň netijeliliginiň ugurlarydyr
Ýazylan wagty: 05 июня 2018 Ýazan NEXTTM

Innowasiýalar we dessinlik “Türkmengazinžiniring we gurluşyk”
müdirliginiň işiniň netijeliliginiň ugurlarydyr

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Türkmengazinžiniring we gurluşyk” Müdirliginiň işgärleri taslamadan başlap, ony durmuşa geçirmäge çenli doly tapgyry üpjün edip, aňryçäk netijeli işlemeli diýen ýörelgä eýerýärler.Tebigy gaz institutynyň we konserniň gurluşyk-gurnama müdirlikleriniň dördüsiniň binýadynda döredilen bu önümçilik düzümi önümçilik we tehnologik taslamalary işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça wezipeler toplumyny üstünlikli ýerine ýetirýär.

Müdirlik ýangyç-energetika toplumynyň önümçiliki desgalarynyň tehnologik resminamalaryny taýýarlamak we abadanlaşdyrmak babatda işleri ýerine ýetirdi. Gaz konserniniň hünärmenleri Lebap welaýatynyň Gazojak şäherinde Balguýy, Kerpiçli ýataklaryny we Naýypdaky suwuklandyrylan gaz öndürmek boýynça kuwwatlyklary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek üçin “Naýyp” ýokary woltly energiýa kiçi bekedini gurýarlar.

Şol bir wagta müdirligiň hünärmenleri Gyýanlyda we Owadandepede gurulýan gaz himiýasy toplumlaryny abadanlaşdyrmaga girişdiler. “Türkmengazinžiniring we gurluşyk” Müdirliginiň öz taslamasy boýunça hünärmenler Ýangaja demir ýol stansiýasyndan Gyýanlydaky gazhimiýasy toplumyna çenli demir ýoluň 52 kilometrlik bölegini we Aşgabat-Daşoguz demir ýolundan Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawoda çenli 6,5 kilometrlik demir ýol bölegini gurýarlar. Müdirligiň gurluşyk toparlary ýylda 2 milliard kub metre çenli tebigy gaz gaýtadan işleniljek gazhimiýasy kärhanasyny “Gündogar-Günbatar” sebit gaz geçirijisi bilen birleşdirýän ýedi kilometrlik gaz geçirijisini abadanlaşdyrmak boýunça işleri tamamladylar. Mundan başga-da, müdirligiň bölümleri Gyýanlydaky gazhimiýasy toplumyna niýetlenen özboluşly binany gurýarlar. Taslamaçylaryň çyzgysy boýunça gurluşykçylar kömekçi hojalygyň ekologiýa taýdan wajyp bölegini—himiýa önümçiliginde ulanylýan uly möçberli tehniki suwy gaýtadan ulanmak boýunça 80 gektardan gowrak ýerde bugardyjy howdan gurýarlar.

Kärhananyň hünärmenleri enjamlary gurnamak we kebşirleme işleri boýunça döwrebap tehnologiýalary özleşdirip, “Galkynyş” ýatagyndaky skwažinalaryň agzyny baglamak boýunça işleri ozal ýerine ýetiren daşary ýurtly hünärmenleriň edýän işlerini indi özleri edip ugradylar. Türkmen gazçylary bu ýerde ýokary öndürijilikli sakwažinalaryň bäşisinde ýokary takyk kebşirleme, elektrik-gurnama we beýleki işleri dünýä ölçeglerine laýyk ýerine ýetirdiler. Olaryň ählisi eksport gaz geçiriji ulgama goşuldy. Altynjy skwažinada ulanyşa bermäge taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

“Türkmengazinžiniring we gurluşyk” Müdirliginiň hünärmenleri öz wagtynda geljekki Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) döwletara gaz geçirijisiniň türkmen bölegini, inženerçilik kommunikasiýalary--gaz geçirijisini, suw geçirijisini, elektrik ulgamlaryny, ulanylýan ýollary we beýleki ýerüsti göşmaça desgalary gurmak boýunça işleriň ähli görnüşiniň taslama-smeta resminalaryny düzmek işlerini ýerine ýetirdiler, geljekki düzümleýin binalaryň gurluşygy üçin meýdançalary taýýarladylar.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07050 sek. ýüklenen baýt: 32405