Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Türkmenistan bütin dünýä welosiped gününi belledi
Ýazylan wagty: 05 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Türkmenistan sportuñ ähli görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sportuny ösdürmek baradaky işler hem giñ gerime eýe bolýar. Bu çäreler halkymyzyñ uzak ömür sürmegine we bagtly ýaşamagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn işlerden gözbaş alýar. Döwlet Baştutanymyzyñ başlangyjy boýunça ýurdumyzda welisiped sportuny ösdürmegiñ maksatnamasynyñ tassyklanmagy, her ýyl köpçülikleýin welosipedli ýörişleriñ geçirilmegi, şu ýylyñ maýynda bolsa Türkmenistanda her ýylyñ 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakynda Permanyñ Kabul edilmegi ähli raýatlar tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Bu care adamlaryñ sportuñ dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan bu görnüşi bilen yzygiderli meşgullanmagyna, ýurdumyzda sporty, şol sanda welosiped sportuny wagyz etmäge ýardam eder.
Häzirki döwürde welosiped sürmek bilen meşgullanmak bütin dünýäde saglygy berkitmegiñ iñ ygtybarly usullarynyñ biri hasaplanýar. Lukmanlaryñ bellemegine görä, welosiped sürmek bilen yzygiderli meşgullanýan adam sagat bolýar, ynsan ruhunyñ galkynmagyna ýardam edýär. Şonuñ üçin welosiped sürmek-munuñ özi sagdynlygy berkitmekdir, işjeñligi artdyrmakdyr, şeýle hem tebigatda gyzykly gezelençdir. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyñ belleýşi ýaly welosipedde gezelenç etmek türgenleşigiñ iñ meşhur görnüşi bolmak bilen çäklenmän, eýsem syýahatçylygyñ giñden ýaýran görnüşleriniñ biridir. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin syýahatçylygyñ geljegi örän uludyr.
Welosiped halkymyz üçin ýat ulag däldir. Taryhdan belli bolşy ýaly, 1894-nji ýylyñ aprelinde Aşgabatda welosiped sürmegi söýýänleriñ jemgyýeti döredilipdir. 1895-nji ýylyñ iýunynda bolsa Aşgabatda welosiped sürmek boýunça ilkinji ýaryş geçirilipdir. Ýaryşda türkmen welosipedçileri gowy netije görkezipdirler. Şeýlelikde, ýurdumyzda sportuñ bu görnüşi öñden gelýän däbe eýedir.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziñ başlangyjy boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyñ maksatnamasyna trek welosiped ýaryşlary hem girdi. Sportuñ bu görnüşi boýunça ýaryşlar paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiñ arenalarynyñ birinde, ýagny üsti ýapyk welotrekde geçirildi. Bu ýerde göz öñünde tutulan şertleri halkara ýaryşlaryny we bäsleşiklerini, şol sanda dünýä çempionatlaryny geçirmge mümkinçilik berýär. Welotrek 6 müñ tomaşaça niýetlenendir.

Okalan sany: 50   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05402 sek. ýüklenen baýt: 30425