Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Meýilleşdirilen ýyllyk barlaglary
Ýazylan wagty: 06 июня 2018 Ýazan Mayichka
Meýilleşdirilen ýyllyk barlaglaryñ aralygynda türgenleşik we ýaryş wagtynda gündelik lukman gözegçiligi geçirilýär. Bu barlaglaryñ hem göwrümi we meýilnamasy sport görnüşi, türgeniñ kwalifikasiýasy bilen bagly. Funksional ýagdaýyny anyklamak üçin ulanylýan usullar sport görnüşine bagly, sebäbi her sport görnüşinde sport işjeñligini üpjün edýän ulgamlar tapawutly bolýar. Dürli sport görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriñ ulgamlarynyñ morfofunksional aýratynlyklary tapawutly bolýar. Mysal üçin, çydamlylygy talap edýän sport görnüşindäki türgenleriñ ýagdaýlaryna baha bermekde ýürek damar ulgamynyñ, daşky dem alyşyñ, içki gurşawynyñ ýagdaýlarynyñ ähmiýeti bardyr. Tizlik güýç görnüşli sportda – merkezi nerw ulgamyñ we nerw-myşsa ulgamyň içgin barlaglary zerur. Çylşyrymly-koordinasiýa görnüşli sportda - merkezi nerw ulgamyñ we analizatorlaryñ içgin barlagy zerur. Sport oýunlary görnüşlerde, başa-baş göreşde (situasion sport görnüşleri) deñ derejede her barlag zerur. Şol sebäpli hemme sport görnüşi üçin zerur bolan umumy barlaglardan daşary, goşmaça türgenleriñ ugry, şeýlede arzlary ýa-da ýüze çykan ýetmežçilikleri doly anyklamaga ugrukdyrylan usullar ulanylýar. Barlagdan geçirilýäniñ kwalifikasiýsy näçe ýokary bolsa şonçada ýokary ýüklenmeler berilýär, diýmek umumy barlaglar has çuñlaşdyrylan bolmaly. Ýaş aýratynlygyny hem göz öñüne tutmaly. Sebäbi bedeniñ ösýän döwründe, doly antropometriýa ölceglerini geçirmek, jyns ýetişiklik tizliginiñ we biologiki ýaşynyñ passport ýaşy bilen gabat geliş derejesine üns bermek, türgenleşikleri rejeli meýilleşdirmek üçin zerur. Orta we uly ýaşlarda daýanç hereket, ýürek-damar ulgamynyñ barlagyna üns bermeli. Sebäbi bu ýaşda keselleriñ we ýaş üýtgeşmeleriñ netijesinde bu ulgamlarda dürli patologiýalar ýüze çykýar, şolara esaslanyp türgenleşik tertibini we ýüklenme agramlylygyny anyklamak zerur. Yzygiderli fiziki ýüklenmeleriñ adam bedenine ýetirýän täsirine gözegçilik etmek we zerur bolan ýagdaýda üýtgeşmeler girizmek üçin her tapgyrda geçirilýän barlaglarda birmeñzeş synag usullaryny we testleri günüñ belli bir wagtynda we birmeñzeş şertlerde geçirmek zerur. Sebäbi daşky gurşawyñ şertleri, barlagyñ wagty we ondan öñ iýilen iýmitiñ siññitligi, derman serişdeleriñ ulanylmagy we ş m. barlagyñ netijelerine täsir edip, alynan netijeleriñ deñeşdirilmegini kynlaşdyryp biler. Türgenlilik – türgenleriñ ýokary derejeleri gazanmak mümkinçiliklerini häsiýetlendirýän toplumlaýyn lukman, tälimçi, psihologiki düşünjedir. Türgenlilik - fiziki maşklaryñ köp gezek gaýtalanmagy netijesinde ýüze çykýan we has netijeli myşsa işini ýerine ýetirmäge taýýarlygyny anyklaýan ýagdaý. Türgenlilik türgeniñ funksional, taktiki, tehniki, erk taýýarlyk derejesi bilen şertlenýär.
Okalan sany: 47   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05986 sek. ýüklenen baýt: 30758