Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ýadamak derejesine baha bermek
Ýazylan wagty: 06 июня 2018 Ýazan Mayichka
Ýadamak derejesine baha bermek. Ýadamaklygyň daşky alamatlary esasynda geçirilýär-deri örtüginiň reňki, der bölünip çykmak, hereketleriň takyklygy we ýüregiň ýygrylyş ýygylygynyň (ýýý) ilkibaşky derejesinden sapaklaryň ahyrynda gaýtadan dikelme derejesi boýunça. Dogry geçirilen sapaklarda her topar üçin kada bolan (ýýý) artmagy bolýar we ol sapagyň ahyrynda doly gaýtadan dikelýär, ýadamaklygyň orta derejesi bolýar. Lukman-pedagog gözegçiliginiň (LPG). meseleleri bolup-sapaklaryň geçiriliş şertleriniň gigiýeniki we fiziologiki kadalar bilen gabat gelmegi, sapaklaryň we ýaryşlaryň bedene täsiriniň kesgitlenişi, umumy taýýarlyk derejesiniň we ýörite türgenliligiň derejesine baha bermek, sport türgenleşiklerinde we bedenterbiýe sapaklarynda mugallyma (tälimçä) sapaklaryň dogry meýilnamasyny düzmeklige kömek bermek bolup durýar. Türgenleşmäniň hadysasynyň netijeliligi türgenleşdiriji serişdeleriň dogry saýlanylmagyna we onuň bir sapakdaky, mikrosikl ýa-da mezsosikl döwürlerindäki mukdaryna bagly. Bu täsirleri bilmek üçin gyssagly, gijä galýan we kumulýatiw türgenleşdiriji netijeler öwrenilýär. Gyssagly türgenleşdiriji täsire-fiziki maşklary ýerine ýetirilýän wagtynda we dynç alynýan döwründe bedendäki bolup geçýän üýtgeşmeler degişlidir. Gijä galýan taplandyryjy täsire-giçki gaýtadan dikelme döwründäki (meselem sapak geçen günüň ertesi ýa-da bir näçe günden soň) üýtgeşmeler degişlidir. Kumulýatiw türgenleşdiriji täsir-uzak wagtlaýyn türgenleşme döwründe, gyssagly we gijä galýan taplandyryjy täsirleriň goşulmagy netijesinde we her bir türgenleşmäniň umumy sanlarynyň goşulmagy netijesinde bolýan bedendäki üýtgeşmeler degişlidir. Lukman-pedagog gözegçiligi döwürleýin, gündeki we gyssagly (operatiw) barlaglar bilen amala aşyrylýar. Döwürleýin toplum barlaglarynda kumulýatiw türgenleşme täsiri belli bir döwrüň içinde bahalandyrylýar we pedagog, lukman, psiholog gatnaşýar. Lukmanyň wezipesi bedeniň ulgamlarynyň funksional ýagdaýyndaky üýtgeşmelere we bedeniň umumy işe ukyplylygyna baha bermekden ybarat bolup durýar. Döwürleýin barlaglar her bir 2-3 aýdan geçirilýär. Tredbanyň, Weloergometriň kömegi bilen dynç ýagdaýynda, fiziki agramlarda, we ýerine ýetirilenden soň barlaglar geçirilýär. Gündeki barlaglaryň netijesinde gijä galýan türgenleşme netijeler anyklanylýar. Bu gözegçiligiň görnüşleri dürli bolup biler: Her gün ertir irden türgenleşik ýygnanşyklarda ýa-da türgenleşik sapaklarynda. Her gün irden we agşam. Mikro sikl döwrüniň başynda we ahyrynda. Sapakdan soňky 2-nji gününde (irden ýa-da meşgullanmanyň öň ýanynda). Gündeki barlaglary geçirmek üçin ýönekeý usullar ulanulýar-bir wagtlaýyn funksional synaglar (20 gezek oturmak, demiňi saklamak we ş.m). Operatiw barlaglarda gyssagly türgenleşme netijelerine baha berilýär. Şu aşakdaky operatiw barlaglaryň görnüşleri ulanylýar: Gönüden-göni sapak geçirilip durka (sapagyň bütin dowamynda, käbir aýratyn maşklardan soň ýa-da sapagyň dürli bölümlerinden soň). Türgenleşme sapaklaryndan öň we 20-30 ondan soň (rahat ýagdaýda ýa-da goşmaça agramly ulanyp); Sapak güni (türgenleşme güni) ertir we agşam. LPB usullarynyñ barlagyny geçirmekligiñ kesgitli meseleleri we şertleri bardyr. Türgenleşme agramlarynyñ adam bedenine täsirini öwrenmek üçin ýadamaklygyñ daşky alamatlaryny bahalandyrmak (anamnezi hem göñünde tutup) we dürli ulgamlardaky funksional işjeñlikligiñ üýtgemelerini anyklaýan usullar ulanylýar.
Okalan sany: 54   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05749 sek. ýüklenen baýt: 31436