Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Bedenterbiýe we sport bilen yzygider meşgullanýan adamlaryň bedeniniň funksional ýagdaýynyň aýratynlyklary
Ýazylan wagty: 06 июня 2018 Ýazan Mayichka
Bedenterbiýe we sport bilen yzygider meşgullanýan adamlaryň bedeniniň funksional ýagdaýynyň aýratynlyklary.
Adam bedenine yzygiderli kadaly fiziki agramlaryň täsiri bedende gurluş-işjeň üýtgemelere alyp barýar. Ýagny käbir psihiki we fiziologiki netijeleri ýüze çykarýar. Ýagny, merkezi nerw ulgamynyň işiniň aýratynlyklaryna bagly bolan şahsyýet häsiýetleri emele gelýär. Garramaklyk hadysasy haýallaýar. Bedenterbiýe we sport bilen yzygider meşgullanýan adamlaryň bedeniniň funksional ýagdaýynyň şu aşakdaky aýratynlyklary ýüze çykýar. Fiziologiki funksiýalaryň tygşytly ýerine ýetirilmegi. türgenleriň bedenindäki funksional üýtgemeleriň arasynda fiziologiki funksiýalaryň tygşytly ýerine ýetirilmegi esasy orny eýeleýär. Tygşytly ýerine ýetirmeklik dynç ýagdaýynda-da, şeýle hem dürli agramlar berlende-de ýüze çykýar. Olara şular degişlidir: bradikordiýa (40-50 ugry/ 1 min); fiziologiki gipotenziýa; diastola we sistola döwrüň uzalmagy; bradipnoe; ganda birnäçe biologiki işjeň gormonlaryň azalmaklyga meýlli bolmagy we başgalar. Tygşytlamaklyk hadysasynyň ýüze çykmagynda ýokary sazlaşykly neýro-gumoral mehanizmler belli bir orny tutýarlar. Fiziologiki funksiýalaryň ätiýaçlyk derejesiniň giňelmegi. Yzygiderli amala aşyrylýan fiziki maşklaryň täsiri astynda bedendäki morfo-funksional üýtgemeleriň biri hem bedeniň fiziologiki funksiýalarynyň derejesiniň giňelmegidir. Öýkenleriň ýaşaýyş sygymy ulalýar; Kislorodyň arteriýa we wena ganyndaky tapawudynyň ulalmagy; Ýüregiň sistoliki göwrüminiň ulalmagy we başgalar.
Okalan sany: 50   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,17592 sek. ýüklenen baýt: 29631