Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
«Amul – Hazar» ýörüşi
Ýazylan wagty: 06 июня 2018 Ýazan NEXTTM
2018-nji  ýylyň  «Türkmenistan –— Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi»  diýlip  yglan edilmeginde  aýratyn  manynyň  bardygyny  bellemeli. Çünki  döwletimiziň  netijeli halkara  hyzmatdaşlygyny,  dost-doganlyk  gatnaşyklaryny,  parahatçylygy  we hoşniýetli  goňşuçylygy  esasy  ugur  edinýän  syýasat  ýurtlaryň  arasyndaky  oňyn gatnaşyklaryň  ösdürilmegini  üpjün  edýär.  Häzirki  zaman  şertlerinde  Beýik  Ýüpek ýolunyň  geçen  ugruny  döwrebap  derejede  dikeltmek Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlygyň  täze  möhüm  ugurlaryny  işläp  taýýarlamakda  esas  bolup  hyzmat  edýär.  Bu  ýoluň  Türkmenistanyň  çäginden  geçýän  ugry  boýunça  sport  bäsleşiklerine  badalga  berilmegi  hormatly  Prezidentimiziň  sportuň  halklary  ýakynlaşdyrýandygy  barada  aýdanlarynyň  aýdyň  ýüze  çykmasy  bolup  durýar.
Milli  Liderimiziň  belleýşi  ýaly,  meýilleşdirilen  çäreleriň  ähli  babatda  ýerine  ýetirilmegi  Gündogar  bilen  Günbataryň  arasynda  diňe  bir  söwda-ykdysady  gatnaşyklaryň  däl, eýsem  ynsanperwer  ulgamdaky  hyzmatdaşlygyň  ösdürilmegine-de  giň mümkinçilikleri  döreder. Häzirki  döwürde  Beýik  Ýüpek  ýolunyň  gadymy ugrunyň  dikeldilmegi  ýurdumyzyň  baý  taryhyny  we  medeni  mirasyny  çuňňur  öwrenmäge,  halkara  hyzmatdaşlygyny  has-da  ösdürmäge  oňyn  şertleri  üpjün  edýär.
Sagdyn  durmuş  ýörelgeleriniň  berkidilmegine,  köpçülikleýin  bedenterbiýäniň  we  sportuň  ösdürilmegine,  oňa  türkmenistanlylaryň  işjeň  çekilmegine  ähmiýet  berýän   «Amul–— Hazar 2018»  atly  halkara  awtorallini, welosiped  we  ylgaw  ýaryşlaryny  ýokary  derejede  geçirmek  we  ony  guramaçylykly  tamamlamak  bilen  baglanyşykly  meseleleriň  wajypdygyna  ünsi  çekýär.
Mälim  bolşy  ýaly,  2009-njy  ýylyň  sentýabr  aýynda  hormatly  Prezidentimiziň  başlangyjy  boýunça  Russiýanyň,  Gazagystanyň  we  Türkmenistanyň  çäginden  geçýän  «Kazan –— Aşgabat»   ugry  boýunça  halkara  awtoralli  geçirildi. Uly  üstünliklere, şanly  wakalara, ýatdan çykmajak  täsirli  görnüşleri  baý  bolan  «Kazan – Aşgabat» awtomobil  ýaryşy  ýurdumyzyň  täze  taryhyna  öçmejek  sahypany  ýazdy.
«Amul –— Hazar 2018»  halkara  awtorallisine  ak  pata  bermek  we  bu  ugur  boýunça  welosiped  hem-de  ylgaw  ýaryşlarynyň  başlamagy  ýurdumyzyň  durmuşyndaky  taryhy  ähmiýetli  bolan  wakalaryň  sanyny  artdyrdy.  Munuň  özi  Gahryman  Arkadagymyzyň  bedenterbiýe  - sagaldyş  hereketini  we  ýokary  netijeli  sporty  ösdürmek  boýunça  öňe  sürýän  başlangyçlarynyň  giňden  ykrar  edilýändiginiň  nobatdaky  subutnamasyna  öwrüldi.
Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14837 sek. ýüklenen baýt: 32065