

Giden ekerençylyk meýdanlarynda ýetişdirilen, şemalyň ygyna yrgyldaýan dok däneli bugdaýlar bolçulygyň kepili bolup gözüňi dokundyrýar. Saýat etrabynyň “Gülüstan” daýhan birleşiginiň gül-gülzarlyga bezelen altyn reňkli bugdaý meýdanynda birsydyrgyn hatara goýulan oraga gatnaşdyryljak kombaýnlar, ýük awtoulaglary, traktorlar, giňden düzülen adamlaryň toplumy baýramçylyk dabarasyny suratlandyrýar. Çünki bu gün hut şu ýerde welaýatymyzda bugdaý oragyna “ak pata” berilýär.
Welaýatymyzyň il içinde hormatlanýan ýaşululary eli orakly ýetişdirilen bol bugdaý hasylyny ýygnamaklyga “ak pata” berdiler. Onuň yzysire harman bereketine hyzmat edýän öndürijilikli , ähli amatlyklary bolan kombaýynlary köpçülikleýin oraga girişdi.”Harmanyňa bereket, çäjiňe bereket” diýen ajaýyp sözlere beslenen bu dabara welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bugdaý oragyna köpçülikleýin girişmelidigini buşlady.
Bu çäräniň dowamy aýdym-sazly çykyşlara, sport çärelerine utgaşyp gitdi. Welaýatymyzyň çeper höwesjeňleri aýdym-sazly çykyşlary bilen ýygnanlara şatlyk paýladylar, babadaýhanlara ruhy goldaw berdiler. Welaýatymyzyň türgenleriniň çekeleşikli ýaryşlary bolsa sport muşdaklarynyň göwün guşuny ganatlandyrdy.