Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Abadan durmuşyň aladasy
Ýazylan wagty: 07 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Milli Liderimiz adamzadyň tebigatynyň bir ülişidigini, şonuň üçin hem ähli hojalyk işleriniň tebigat bilen, daşky gurşaw bilen sazlaşykda guralmalydygyny nygtaýar, halk hojalygynda “Ýaşyl ykdysadyýet” diýen düşünjäni giňden ornaşdyrýar. 
“Ýaşyl ykdysadyýet” diýen düşünjesi, ýagny daşky gurşawa aýawly çemeleşmek işi ýurdyň iň “Ýaşyl” pudagynda-oba hojalyk pydagynda-da örän ähmiýetlidir. Sebäbi oýlanmazdan ýa-da bilmezlikden edilen bir iş, mysal üçin, ekinlere zyýan berýän mör-möjeklere ýa-da ýere arrykladýan hapa-haşal otlara garşy himiki serişdeler ulanylanda, örän seresaply bolmalydyr. Ýa-da haýsydyr bir oba hojalykçy desgasy gurulanda, ene ýaplar, zeýkeşler gazylanda, howdanlar, köller grulanda, guýular burawlananda ýa-da maldarçylykda we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagatda, umuman, köp ýerde daşky gurşawa aýawly çemeleşmeklige uly ähmiýet berilmelidir. Biziň ýurdumyzda hem professor-mugallymlar talyplara hut şu nukdaýnazardan bilim berýärler. Dünýä tejribesinden mysallary getirip, talyplaryň düşünjelerini berkidýär. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyklykda ekinleri etraplaşdyrmak meselesiniň peýdaly taraplaryny düşündirýärler. Tebigata zyýan bermezden, daşky gurşawa zeper ýetirmezden, oba hojalyk önümlerini köp öndürmekde, tohumlaryň gögerjiligini we hasyl berijiligini artdyrmakda türkmen oba hojalykçy alymlarynyň alyp barýan işlerini ýerinde görkezýär.

Köpetdag etrabynyň ýaşaýjysy
Selbi Nuryýewa          
           

Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05933 sek. ýüklenen baýt: 29660