Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Sagdyn durmuş-bagtly ýaşaýyş
Ýazylan wagty: 07 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Ähli işleriň özeninde halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary baradaky belent maksatlar durýandyr. Bu gün milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary bir döwletiň, bir milletiň çäklerinden çykyp, bütin dünýäni giň adamzat jemgyýetçiligini nazarlaýar. Munuň şeýlediginiň aýdyň mysaly hökmünde bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hut eziz Arkadagymyzyň orta atan teklipleriniň halkara derejesinde yzygiderli goldaw tapýanlygyny uly buýsanç bilen aýtmak bolar. Ýakynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň teklibi esasynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny “Bütündünýä welosiped güni” diýlip yglan etmek hakyndaky kabul edilen Kararnamasy ýene-de bir gezek dünýäniň ýüzüni sagdynlyga, ruhybelentlige, şadyýanlyga, bagtyýarlyga çagyrýan Türkmenistanyň doly ýoly saýlap alandygynyň güwänamasy boldy.
Paýtagtymyzyň gözel künjegi bolan Olimpiýa şäherçesinde geçirilen Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň “Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakynda” taryhy permana gol çekendigi baradaky buşluk habaryny eşiden halkymyzyň buýsanjyny dil bilen beýan eder ýaly bolmady. Elbetde bu bolsa ýurdumyzyň ähli ýaş nesline sport bilen yzygiderli peýdalanmaga uly mümkinçilikler döredýär. Şol sebäpli Hormatly Prezidentimiziň biz üçin edýän aladalaryna jogap edip hormatly ene-atalar çagalarmyzyň tomusky dynç alyş rugsatlarynda olaryň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaklyga dürli sport bäsleşiklerine gatnaşmaklyga çagyrýarys!

Köpetdag etrabynyň ýaşaýjysy türgen Hudaýberdi aga
Okalan sany: 58   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07452 sek. ýüklenen baýt: 29561