Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ALTY ÇÖP
Ýazylan wagty: 07 июня 2018 Ýazan Mayichka
ALTYÇÖP Oýnuň oýnaljak ýeri we oňa degişli serişdeler: Oýun sport meýdançalarynda ýa-da sport öýünde oýnalýar. Oýny oýnamak üçin uzynlygy bir garyş, ýogynlygy süýem barmakdan ýogyn bolmadyk, uçlary kütek alty sany çöp we göwrümi uly bolmadyk ýeňil rezin top gerek. Oýna taýýarlyk: Oýna 10-dan 30-a çenli oýunçy gatnaşyp biler. Oýunçylar iki topara bölnüp, özlerine öňbaşçy saýlaýarlar. Bije atyşyp, haýsy toparyň oýna birinji başlamalydygyny anyklaýarlar. Şondan soň iki toparyň aralygynda 6 sany çöpi biri-biriniň üstünde atanak edip goýýarlar. Goýlan çöpleriň her gapdalyndan bir garyş çemesi ölçegde dört burçluk çyzylýar. Şol dörtburçluk çyzykdan toparyň oýunçylaryna çenli üç ädim bolmalydyr. Oýunçylaryň durýan ýerleri çyzyk bilen çäklendirilýär. Oýnuň oýnalyşy: Haýsy toparyň ilkinji başlaýanlygy mälim bolandan soň, öňbaşçynyň görkezmesi boýunça bir oýunçy eline top alyp, çyzygyň daşynda durup, çyzygyň içindäki çöplere topy zyňyp, çöpleri çyzykdan çykarmaga synanyşýar. Eger-de zyňlan topuň netijesinde alty çöpem çyzygyň daşyna çyksa, onda çöpi çyzykdan çykaran toparyň oýunçylary döwçi, ikinji toparyň oýunçylary bolsa awçy bolýarlar. Döwçüler çöpleriň hemmesini çyzykdan çykan badyna meýdançada pytrap, awçylardan gaçyp, top bilen urdurman, pytradan çöplerini ýene-de öňküsi ýaly goýmaga synanyşýarlar. Awçylaram öz gezeginde meýdança ýaýrap, topy biri-birine oklaşyp, döwçüleri top bilen urjak bolşup we çöpleri goýdurmajak bolşup synanyşmaly. Eger-de döwçüler top bilen urdurman, pytran çöpleri goýsalar, onda şol topar bir utuk gazanýar. Eger-de döwçi toparyň oýunçylarynyň biri top bilen urulsa, onda oýunçy çöpi goýmak hukugyny ýitirýär we oýundan çykarylýar. Awçy toparyň oýunçylary döwçi toparyň oýunçylaryna çöpleri goýdurman, hemme oýunçylaryny top bilen urup bilseler, onda olar bir utuk gazanýarlar we oýny täzeden başlaýarlar. Eger-de oýny birinji başlan toparyň oýunçysy goýlan çöpleriň hemmesini topy zyňyp, çyzykdan çykaryp bilmese, ondatopy zyňmak gezegi ikinji toparyň oýunçysyna berilýär. Olar hem öz gezeginde topy zyňyp, çöpleriň galanlaryny çyzykdan çykaryp bilmese, onda ýene-de gezek garşydaş toparyňky bolýar. Şeýdip, tä iň soňky çöp çyzykdan çykýança, toparlaryň oýunçylary gezekli-gezegine topy zyňyp, çöpi çyzykdan çykarmaga synanyşýarlar. Oýnuň düzgünleri: Oýunçylar üçin bellenen çyzygy basman, çyzykdan daşda durup, topy zyňyp, çöpleri dörtburçlukdan çykaryp bilerler.
Okalan sany: 56   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05308 sek. ýüklenen baýt: 30778