Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Beýnä dynç bermeli
Ýazylan wagty: 07 июня 2018 Ýazan Mayichka
Beýnä dynç bermeli.
Lukmanlaryň tassyklamagyna görä, häzirki zamanda iň köp duş gelýän keselleriň biri nerwiň aşa ýadamagy,ýagny, strestir.Günüň dowamynda 8-10 sagat ýatmak,arassa howada köpräk gezim etmek,umuman,işjeň hem aladasyz ýaşamak her kime başardaýanok.Şonuň üçinem dartgynly iş ýagdaýynyň hem öý-işik,maşgala aladalarynyň beýniň aşa ýadamagyna getirýän halaty seýrek bolmaýar.Bu ýagdaý yzygiderli gaýtalanyp,uzaga çeken pursadynda ol agyr pisihiki bozulma getirýär. Şeýle bolmazlyk üçin nerw dartgynlygyny ýeňip geçmegi endik edinmeli.Bu beýle bir kynam däl. tansyň kömegi bilenem beýnä dynç berip bolar.Tans etmek hatda juda sussupes adamyň hem keýpini göterýär.Esasy zat gowy ýatlamalary oýarýan ýa-da kalba ýakymly bolan islendik sazy saýlap, oňa goşup sazlaşykly hereket etmekdir.Bedeniň özi zerur hereketi tapyp, oňurga dikelýär,dem alyş çaltlanyp,öýkenler arassalanýar.Nerw dartgynlylygy kem-kemden aýrylýar. Beýni ýadawlygyny däri-dermansyz bejermegiň ýene-de birnäçe usuly bardyr.Meselem,aşhanada nahar taýýarlap ýa-da gezelenç edip ýörkäňiz haýsydyr bir aýdyma hiňlenmegem nerwi dartgynlylygyny köşeşdirip,keýpiňi göterýär.Örmek ýa-da keşde çekmek bilen meşgullansaňyz bolsa,bu el işleriniň nähili rahatlyk hem içki kanagatlanma duýgusyny döredýändigini şobada duýarsyňyz.Bulardan başga-da,tikin işdir örtmeklik gündelik aladalardan,galagoply pikirlerden ünsüňi sowýar.
Okalan sany: 23   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06856 sek. ýüklenen baýt: 29541