Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
MERGENLIK
Ýazylan wagty: 07 июня 2018 Ýazan Mayichka
MERGENLIK
Sport ussady, halkara ýaryşlaryna telim gezek gatnaşan Marat Nyýazowyň adyny Türkmenistanda bilmeýän adam barmyka? Megerem, ýok bolsa gerek. Bu türkmen türgeni şeýle şöhrata diňe täsin mergenligi bilen ýetip bildi. Türkmenistanda ýeke Nyýazow däl, başga-da belli mergenler köp. Olar ata-babalarynyň kärlerini tüýs ýürekden ussatlyk bilen ele alýarlar. Mergenlik hem milli sport görnüşleriniň biridir. Sportuň bu görnüşi sagdynlyga-da, sowukganlylyga-da, paýhaslylyga-da amatly täsir edýär. Şonuň üçin ýaşlar mergen bolmagy arzuw edýärler. Sportuň bu görnüşi göwre we el myşsalarynyň sagdyn ösmegine, berk bedenlilige oňat täsir edýär. Mergençilik sportuny ösdürmek üçin häzir ähli şertler, ajaýyp aw we sport tüpeňler, oňat tirler bar. Okuw türgenleşigini ýeke tirde däl, giň meýdanlarda hem geçirmek bolýar. Sportuň bu görnüşini söýýänler ilki bien belli bir zady nyşana almaga türgenleşmelidir. Şondan soň has golaý aralygy kiçi kalibrli tüpeňde türgenleşik geçip başlap biler. Ýöne türgenleşikden öň türgeniň tüpeň bilen okuw-türgenleşigi tälimçiniň gözegçiligi astynda geçse, türgeniň çalt ösmegine, onuň tiz mergen bolup bilmegine amatly täsir edýär. Şol sebäpli tälimçi ýaşlara hemişe tälim bermelidir, olara öz ussatlygyny öwretmelidir. Mergenlik sportunda zehinli türgeni ýüze çykarmak aňsat bolýar. Başarjaň, zehinli türgen nyşana goýlan zady jaý urup bilýär we ozüniň ýaryşlara gatnaşmaga mynasypdygyny subut edýär. Şondan soň ol her gezekki ýaryşda barha öňe gidişlik gazanmaga başlaýar. Mergenlik ýaşlaryň arasynda-da, ulularyň arasynda-da ýaýradylmaga mynasyp sport görnüşleriniň biridir.
Okalan sany: 51   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06410 sek. ýüklenen baýt: 29436