Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ŽURNALISTIŇ IŞINI KADALAŞDYRMAK WE HÖWESLENDIRMEK
Ýazylan wagty: 08 июня 2018 Ýazan Mayichka
ŽURNALISTIŇ IŞINI KADALAŞDYRMAK WE HÖWESLENDIRMEK
Her bir redaksiýada alnyp barylýan işleri kadalaşdyrmak boýunça ýörite meýilnama işlenip taýýarlanylýar. Redaksiýanyň degişli düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylan meýilnama bölümde işleýänler üçin kadalaşdyryjy nama bolup hyzmat edýär. Onuň esasynda redaksiýadaky işi alyp barmagyň tertibi, habarçylaryň berjaý etmeli çäreleri tassyklanýar. Bu bolsa bölümleriň işiniň kada laýyk derejede alnyp barylmagyny şertlendirýär. Mundan başga-da, habarçylaryň, žurnalistleriň işini höweslendirmek çäresi baş mesele bolup durýar. şu nukdaýnazardan redaksiýanyň ýolbaşçylary has tapawutlanýan işgärleriň sanawyny tassyklap, olaryň höweslendirilmegini ýola goýýarlar. Mälim bolşy ýaly. biziň ýurdumyzda gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen özleriniň halal zähmeti bilen alnyp barylýan giň möçberli işleri döwrebap derejede wagyz edýän we olaryň dünýä çykmagyny ýola goýýan žurnalistler döwlet derejesinde sylaglanylýar. Munuň özi ähli žurnalistleriň, habarçylaryň işe bolan jogapkärçiligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda olaryň işiniň netijelliliginiň artmagyny, döwrebap eserleriň köpçülikleýin esasda döremegini üpjün edýär. Döwlet derejesinde ýola goýlan bu usul taýýarlanylýan makalalaryň döwrüň talabyna laýyk gelmegi bilen bir hatarda žurnalistleriň öz işine bolan höwesini we jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrýar. Redaksiýalarda işleýän her bir işgäriň, žurnalistleriň işiniň netijelliligine garap, oňa baha berilmegi, has tapawutlanan işgärleriň sylaglanmagy häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrularynyň biri bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzda ähli ulgamlarda döredijilikli işleýän hünärmenleriň, şol sanda žurnalistleriň zähmetine mynasyp baha berilýändigini alamatlandyrýar.
Okalan sany: 51   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09306 sek. ýüklenen baýt: 30257