Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Arakesme wagtynda ýadawlygy aýyrýan maşklar toplumy
Ýazylan wagty: 08 июня 2018 Ýazan Mayichka
Arakesme wagtynda ýadawlygy aýyrýan maşklar toplumy
1. Başlangyç ýagdaý. Oturgyjyň gyrasyna oturyp 1-2 sanap demiňi alanyňda elleriňi ýokary galdyryp, gernip ýazylmaly soňra 3-4 sanap, demiňi goýbereniňde elleriňi aşak uzadyp, eglip eňegi döşe degrip, maşky 8 gezek gaýtalamaly.
2. Başlangyç ýagdaý. Oturgyçda oturan ýagdaýda, aýaklary uzadyp, elleri kelläň yzynda. 1-2 sana – aýagyň ujuny özüne çekip, güýç bilen saklajak bolmaly. Tirsegi güýçli yza sowmaly. Dem alyp, 3-4 sanap dem goýbermeli, aýagyň ujuny göneltmeli, tirsekleri sähelçe öňe geçirmeli we maşky 8 gezek gaýtalamaly.
3. Başlangyç ýagdaý. Oturgyjyň gyrasynda oturmaly. Elleriňi bykynyňda goýup, 1-2 sanamaly we tirsegi yza sowup, dem almaly. 3-4 sanap ýerden aýagyňy aýyrman göwräni saga öwürmeli, elleriň bilen stulyň arasyna degrip, demi goýbermeli. Maşky haýal ýerine ýetirmeli we 8 gezek gaýtalamaly.
4. Başlangyç ýagdaý. Oturgyjyň arasynda durup, dem almaly we 1-2 sanap, ýuwaşjadan oturgyja ýapyşyp sähelçe oturmaly, arkaňy dik tutmaly we demi goýberip, 3-4 sanap ýuwaşşadan turmaly. Uludan dem alyp, maşky 8 gezek gaýtalamaly.
5. Başlangyç ýagdaý. Oturgyjyň arkasyny gapdala öwrüp, aýaklaryňyzy oturgyjyň aýaklarynyň aşagyna berkitmeli we 1-2 sanap yza doly eglip, soňra dikelmeli. Demi saklamaly däl. Elleriňizi kelläň yzynda saklamaly we maşky 5-8 gezek gaýtalamaly.
6. Duran ýeriňde ylgamaly, dyzlaryňy ýokary galdyryp 1 minut saklanmaly soňra 30 sekunt duran ýeriňde ýöremeli. Janyňyz sag bolsun!
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05026 sek. ýüklenen baýt: 29751