Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
RASPIRATOR ULGAMY
Ýazylan wagty: 08 июня 2018 Ýazan Mayichka
RASPIRATOR ULGAMY Zäherli gazlardan, tozanlardan eşidiş, görüş we dem alyş organlaryny goraýan abzal Fitnes sapaklary bilen meşgullanylanda dem alyş ulgamynyň işiniň esasy sagaldyş üýtgeşmeleri. Dem alşyň ýygylygy ýokarlanýar. Eger dynç alyş wagtynda dem alşyň ýygylygy bir minutda 12-18 dem alyş hereketine deň bolsa (dem alyş-dem goýberiş tapgyrlary), işleýän wagtynda ol işiň netijeliligine baglylykda 40-90 dem alyş hereketine deň bolýar. Dem alşyň çuňlugy ýokarlanýar. Eger dynç alyş wagtynda dem alşyň çuňlugy (bir gezekdäki dem alşyň ýa-da dem goýberişiň göwrümi) 0,5 litre deň bolsa, dartgynly myşsa işi wagtynda ol 2-3 litre çenli ýokarlanýar. Öýkeniň we dem alyş ýollarynyň (şeýle hem dem alyş myşsalarynyň) gan damarlarynyň gan aýlanyş damarlary giňelýär. Bu organlar boýunça gan aýlanyşyň çaltlygynyň tizligi ýokarlanýar. Iş wagtynda dem alyş ulgamynyň işiniň ýokarlanmagy (ýürek-damar ulgamynyň, gan ulgamynyň we beýleki ulgamlaryň işleriniň ulalmagy bilen bilelikde) bedeniň kislorod isleginiň birnäçe esse ýokarlanmagyny üpjün edýär. Dynç wagtynda beden bir minutda 250-350 millilitr kislorod isleýän bolsa, aňryçäk myşsa işlerinde bu göwrüm bir minutda 4 litre çenli baryp ýetýär (N.D.Graýewskaýa, 1976). Ulgamlaýyn fitnes türgenleşikleriniň täsiri netijesinde dem alyş ulgamyndaky esasy sagaldyş üýtgeşmeleri. Beden maşklarynyň ulgamlaýyn meşgullanmaklygyň netijesinde dem alyş ulgamynda şeýle bir üýtgeşmeler bolup geçýär we ol myşsa işleri wagtynda bedeniň kislorod isleginiň ulalmasyny üpjün edýär. Dem alyş myşsalarynyň güýji ýokarlanýar. Aňryçäk dem alşyň we dem goýberişiň göwrümi ulalýar. Netijede bolsa öýkeniň bir gezeklik dem alyş hereketinde howanyň köp mukdary gelip biler. Öýkeniň umumy göwrümi we öýkeniň durmuşy göwrümi ulalýar – bu howanyň we ganyň arasyndaky gaz çalşygyna hökmany gatnaşýan öýkeniň bir bölegidir. Öýkeniň gan akdyrýan damarlarynyň sany artýar, bu bolsa iş wagtynda ganyň uly mukdaryna mümkinçilik döredýär we az wagtda kislorod bilen üpjünçilik ýerine ýetirilýär hem-de ugleturşy gazdan saplanýar (M.F.Rogožin, 1999). Eger fitnes bilen yzygiderli meşgullanýan adamyň dem alyş ulgamyny türgenleşmeýän adamyň bedeni bilen myşsa işleri ýerine ýetirilýän wagty deňeşdirseň, onda şu aşakdakylara göz ýetirmek mümkin: fitnes bilen meşgullanýanlaryň dem alyş ulgamynyň işi dem alşyň çuňlugynyň ulalmagynyň hasabyna ulalýar, türgenleşmeýänlerde bolsa – dem alşyň ýygylygynyň ulalmagynyň hasabyna artýar. Soňky ýagdaýda dem alyş myşsalary uly dartgynlylykda işleýär – bu bolsa tiz ýadawlyga getirýär we işden ýüz öwürmeklige alyp barýar. Fitnes bilen meşgullanýan adamlarda myşsa işleri wagtynda öýkeniň üsti has ulalýar, gaz çalşygyna gatnaşýan gan akdyryş damarlar giňelýär. Şol bir meňzeş ýüklenmeler türgenleşmeýänlere seredeniňde, dem alyş ulgamynyň işiniň ulalmagyna az täsir edýär (sebäbi türgenleşýän bedeniň öýkeni uly bolýar, olarda gan geçiriş damarlarynyň mukdary ýokarlanan bolýar, şeýle-de gaz çalşygyna gyşarnyksyz gatnaşýan öýkeniň ýokarsy giňelendir). Fitnes bilen meşgullanýan adamlaryň işden soň dem alşynyň ýygylygy we çuňlugy türgenleşmeýänleriňkä seredeniňde tiz dikelmäge ukyplydyr (M.F.Rogožin, 1999). Myşsa işi ýerine ýetirilende dem alyş ýollarynyň tekiz muskulaturasynyň işi çaltlanýar (traheýler, bronhlar). Bu bolsa gakylyklaryň bu organlardan çalt gitmegine täsir edýär we her bir adamda onuň kadalaşmagyna getirýär. Öýkende we dem alyş ýollarynda gakylyklaryň saklanmagy infeksiýalaryň ösmegi üçin amatly şertler döredýär, onuň gitmeginiň tizliginiň ýokarlanmagy bolsa dem alyş organlarynyň infeksiýa keselleri bilen kesellemekliginiň öňüni alýar (N.D.Graýewskaýa, 1976). Şonuň üçin fintes bilen yzygiderli meşgullanýanlar respirator keselleri bilen seýrek keselleýärler.
Okalan sany: 45   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08181 sek. ýüklenen baýt: 31845