Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bilim ulgamynyň kämilleşmegi
Ýazylan wagty: 08 июня 2018 Ýazan NEXTTM
Mähriban Arkadagymyzyň: “Türkmeniň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygy we kadaly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty,  abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir” diýip nygtamak bilen, eşretli ertiriň binýadyny şu günden goýýar, döwlet ýaşlar syýasatyny amal edýär. Watanymyzyň her bir ýaş raýatynyň bähbidini araýan bu syýasat nesilleriň bagtly durmuşyny kepillendirýän hakykaty äleme äşgär edýär.
Türkmenbaşy şäherinde 15 sany orta mekdep we birnäçe bakja baglary, çagalar baglary bar, orta mekdepler bolsa her ýylda özleriniň uçurymlaryny durmuşyň ak ýoluna atarýarlar. Türkmenbaşy şäheriniň okuwçylary şu okuw ýyly diňe dörtlük we bäşlik bahalary bilen üstünlikli tamamlap, şeýle hem, geçen okuw ýyla görä, okuwçylaryň bilimleriniň hilini hasam ýokarlandy. Türkmenbaşy şäherindäki mekdebi üstünlikli tamamlan ýaşlaryň köpüsi ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda, ýörite orta okuw jaýlarynda okuwlaryny dowam etdirseler, birnäçeleri daşary ýurtda bilimlerini ösdürýärler. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekip, Watanymyzyň ösmegine goşant goşýan ýaşlarymyzyň sany sanardan köpdür. Türkmenbaşy şäheriniň orta mekdeplerinde hem “Soňky jaň” dabarasynyň okuwçylaryň her birinde ýatdan çykmajak derejede geçirilmegi üçin ýörite düzülen meýilnama esasynda ykjam taýýarlyk görüldi. Şol güne çenli mekdebiň içki-daşarky bezeg-serenjamynyň okuwçylar üçin uly şatlyk döretmegi ugrunda köp alada edilendigi görnüp dur. Ine, şeýle aladalar bilen şowhunly bu dabara okuwçylaryň, ata-eneleriň, mekdep bilen didarlaşmana gelen ozalky uçurymlaryň we beýleki myhmanlaryň göwün şatlygyny has-da artdyrdy.
Şu şatlyk-şowhunly dabarada ýaşlaryň okamagy, geljekde hünärli adamlar bolup ýetişmegi barada uly aladalary edýän hormatly Arkadagymyza, eziz mugallymlara hoşallyk sözleri okuwçylaryň dilinden düşmedi. Okuwçylar öz bagtyýarlyklaryny, Watany ezizleýändiklerini ýerine ýetiren aýdymdyr tanslarynda-da beýan etdiler. Bu mekdebiň 11-nji synpyny tamamlaýan okuwçylarynyň joşgunly çykyşlaryndan şu günki dabaranyň öz durmuşlarynda iň möhüm waka, ýatdan çykmajak gün hasap edýändikleri aňlatmak kyn bolmady. Elbetde, mekdebi tamamlamak durmuşdaky arzuwlaryňa ak ýol açylan ajaýyp pursatdyr. Uçurymlar eziz Watanymyzyň barha gülläp ösýändigine buýsanýarlar hem-de Türkmenistanyň at abraýynyň artmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryny berk ynam bilen aýdýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýän bilim işgärleri üçin aýgytly pursat ýetip geldi. Ol okuw ýylyny üstünlikli jemlemekdir. Häzirki wagtda orta mekdeplerde sepgit, synpdan-synpa geçiriş hem-de gutardyş synaglaryna ykjam taýýarlanmak we ony guramaçylykly geçirmek işleri möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.
Şu günler mekdebiň mugallymlary okuw ýylynda ýerine ýetirilen işlere, okuwçylaryň bilim derejesine seljerme berýär. Munuň özi okuw-terbiýeçilik işlerinde gazanylan üstünliklerini berkitmäge mümkinçilik berýär. Deslapky işleriň netijelerine görä, mugallymlar her ders boýunça okuw maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi üçin zähmet çekýärler. Olar ders synaglaryna taýýarlyk işlerini alyp barýarlar.
Ýurdumyzyň arzyly mekanynda sagdyn ösýäm körpeleriň döwrebap terbiýelenmegi, bilim almagy, geljekde olaryň ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döretmekde taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary edýän mähriban hem Gahryman Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri mundan-da has rowaçlansyn.
Okalan sany: 60   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06392 sek. ýüklenen baýt: 32026