Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Her adamyň üç sany arzuwy bolmaly
Ýazylan wagty: 09 июня 2018 Ýazan Mayichka
Filosof Platon “Her adamyň üç sany arzuwy bolmaly: sagdyn bolmak, arassa, halal ýol bilen baýamak we owadan bolmak” diýip ýazýar. Aristotel adamyň göwnüniň juda çylşyrymlydygyny tassyklaýar. Ol üç bölekden durýar, ösümlik we haýwan göwünleriniň ähli işjeňligini özünde jemleýär hem-de mundan başga-da ýörite adam işjeňligini – akyly, pikirlenmegi, maslahatlaşmagy hem özünde jemleýär. “Köp halatlarda hakykatdan hem göwün bedensiz hiç bir zady synagdan geçirmeýär we onsuz hereket etmeýär, mysal üçin, ezmekde, edermenlikde, arzuwda, umuman, duýgularda göwnüň materiýa öz esasnamasy bolýar” (L.A.Andreýçenko, 2000). Beýik metafizik we filosof Pifogor, filosoflar Sokrat we Platon öz eserlerinde belli bir derejelerde sagdyn durmuş şekiliniň meselelerine, adamdaky ruhy we beden garmonlaryna degip geçýär. Aýtmaklaryna görä, sagdyn bedende sagdyn ruh pelsepesi gadymy greklere degişli. Emma bu ganatly söze göni manysynda düşünmeli däl. Bu aksioma däldir, eýsem bedeniň we ruhuň hem-de olaryň garmonlarynyň mümkin bolan täsiri we arabaglanyşygy barada çaklamadyr.
Okalan sany: 68   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05484 sek. ýüklenen baýt: 29296