Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Adamyň sagdynlaşmagy
Ýazylan wagty: 09 июня 2018 Ýazan Mayichka
Adamyň sagdynlaşmagyna iki sany çemeleşme taryhy ýagdaýa eýe bolupdyr – adamyň sagdyn durmuş şekiline dogry uýmagy hem-de derman serişdeleriniň kömegi bilen lukmançylygyň goşulmagy arkaly saglygy kemala getirmek. Gippokrat keselleriň daş töweregiň gurşawynyň şertleri hökmünde (şol sanda klimatyň hem) delillendirilýändigine, durmuş şekiline, şeýle hem bedeniň gurluşynyň hiline we temperamentine ilkinji bolup üns beripdir diýlip hasaplanylýar. Gadymy meşhur lukman Awisennanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanuny” diýen eserinde iýmit baradaky bilimler, durmuş şekili (umumy berhizlilik) we durmuşyň ähli döwri üçin saglygyň saklanmagy, şeýle hem adamyň psihiki we somatiki ýagdaýynyň özara täsiri aýdyň beýan edilýär. Demokrit adamyň ruhy sagdynlygy üçin rahatlyk we deňagramlylyk ýagdaýynda bolmaklygy hiç bir ymtylyş, gorky we beýleki gaýgylary alada etmezligi wajyp hasaplapdyr. Platon hem bedeniň durmuş hereketindäki ruhuň ýolbaşçylyk orny baradaky çözgüde gelipdir. Ol ilkinji bolup keseliň beden bilen ruhuň arasyndaky özara gatnaşygynyň bozulmalaryna baglydygyny belleýär. Pifogor saglygy adam bedeniniň ähli elementleriniň garmoniýasydygy, ruhuň we bedeniň durmuşy ýüze çykmalary bilen baglanyşykly dürli şekilli we gapma-garşy sypatlaryň utgaşygydygy bilen düşündirýär. Pifogor tarapyndan dünýäde ilkinji bolnup amatly durmuş ulgamy işlenilip taýýarlanylýar. “Islendik usul bilen bedenden – keseli, ruhdan - göripligi, garyndan – artykmaçlygy, öýden – ylalaşyksyzlygy, şäherden – garaňkylygy, tutuş hemme zatdan ynamsyzlygy daşlaşdyrmaly we olardan gaçmaly” – bu Pifogoryň sagaldyş barada öňe sürýän esasnamasydyr. Ol berhizi, gimnastikany we aýdym aýtmak bilen bejerişi hödürläpdir.
Okalan sany: 46   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06449 sek. ýüklenen baýt: 29533